TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Arkadag» futbol topary çempionatda utuk sanyny artdyrýar

29-njy aprelde «Arkadag» futbol topary bilen «Şagadam» futbol topary duşuşdy. 
Çempionatda öňdäki orny eýelemek ugrundaky ýaryşlarda toparlar öz aralarynda duşuşyp, her tapgyrda utuk sanyny artdyrýarlar. Häzirki wagtda utuk sany boýunça ilkinji orunda barýan «Arkadag» futbol topary hiç bir topardan asgyn gelmän duşuşyklaryny dowam edýär. «Şagadam» futbol topary bilen geçirilen duşuşykda-da «Arkadag» futbol topary garşydaşyny 4:0 hasabynda ýeňip, 9 utuk bilen Türkmenistanyň ýokary ligasynda çempionatyň öňüni çekýär.

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Teswirle