TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Arkadag» 4:2 «Aşgabat»: bassyr 4 ýeňiş

Türkmenistanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň çäklerinde Arkadag şäheri bilen adybir topar paýtagtymyzyň adybir futbol topary bilen duşuşdy. Ýagny «Arkadag» futbol topary bilen «Aşgabat» futbol toparynyň arasynda çekeşikli oýun boldy.

Duşuşyk «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Hasap 4:2 boldy. Şunluk bilen «Arkadag» topary 12 utuk bilen çempionatyň öňdäki ornunda barýar.

Türkmenistanyň Ýokary ligasynda birinjilige dalaş edýän «Köpetdag» hem-de «Altyn asyr» futbol toparlary hem utuk sanlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýärler.

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Ronaldo kuboksyz galdy

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Messili “PSŽ” topary çempion boldy

Teswirle