TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Argentina “Sputnik V” sanjymyny hasaba aldy

Latyn Amerikasy yklymyndaky ilkinji ýurt hökmünde Argentinada Russiýada işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymy hasaba alyndy. Şeýlelikde Argentina Belarusdan soňra rus sanjymyny hasaba alan ikinji ýurt boldy.

Argentina rus sanjymynyň ilkinji tapgyry iberiler. Bu ýurtda kliniki synaglardan soňra şonuň esasynda hasaba alyş işleri geçirildi. Ilkinji tapgyrda 300 müň doza sanjym eltiler.

Russiýanyň gönüden-göni maýa goýumlar gazanasy bilen Argentinanyň hökümeti 10-njy dekabrda 10 million doza sanjym almak babatda ylalaşyga gol çekişipdi.

Şeýle hem Argentinanyň hökümeti “Pfizer/BioNTech” sanjymyny ulanmagy makullap, “Oxford / AstraZeneca” sanjymyny hem satyn almagy meýilleşdirýär.

Argentinada köpçülikleýin sanjym etmek işine 28-nji dekabrda girişmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň Prezidenti Alberto Fernandes ýurda ilkinji bolup, rus sanjymynyň getiriljekdigini belledi.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

Türkmen-german forumy geçirilýär

Teswirle