TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ärdogan milli Liderimizi doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkiýäniň Prezidenti hormatly Prezidenti doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şonuň bilen baglylykda Türkiýäniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmenistan milli Liderimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda ajaýyp üstünliklere eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, umumy taryhy kökleri, medeni däpleri, ruhy we ahlak gymmatlyklary bilen baglanyşdyrylýan ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletli strategik häsiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanlary häzirki wagtda köp asyrlyk dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köpugurly hyzmatdaşlyk ýokary derejede amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini aýdyp, dünýäniň ylmy-tehnika pikiriniň iň soňky gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara esaslanyp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

 

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

 

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

Putin Türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasy: Türkmenistana örän möhüm ykdysady hyzmatdaşymyz

Teswirle