TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ärdogan bilen Miller tebigy gaz merkezini döretmegi maslahatlaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkiýede tebigy gaz merkezini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň resmi saýtynda hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

– Duşuşykda rus gazyny türk sarp edijilere ibermek, şeýle hem Türkiýede gaz merkezini döretmek babatda pikir alşyldy – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçildi.

Duşuşyga Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez hem gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, indiki hepde 14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan üçtaraplaýyn görnüşde döwlet Baştutanlarynyň sammitini geçirmek meýileşdirilýär. Bu sammitde hem energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

“Gazprom” kompaniýasy Türkiýe Respublikasyna Gara deňziň aşagyndan geçirilen “Mawy akym” we “Türk akymy” gaz geçirijiler arkaly tebigy gaz eksport edýär.

Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň halkara gatnaşyklar komitetinde eden çykyşynda Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýede dörediljek tebigy gaz merkezi ulgamyna goşmagyň möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.

Sedat Önal Türkmenistanda geçiriljek üçtaraplaýyn sammitde bu meseläniň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Türkiýäniň daşary syýasat edarasynyň wekili dünýäde energiýa serişdeleriniň gory boýunça 4-nji orunda durýan Türkmenistanyň ulag, söwda we energetika geçelgeleriniň ugrunda strategik taýdan amatly ýerde ýerleşýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Halkara guramalar Arkadag şäherine gyzyklanma bildirýär

Baş Redaktor

Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle