TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Arda ozalky toparyna dolandy

Heniz ýaşlykdan futbol kariýerasyna “Galatasaraý” toparynda başlan meşhur türk futbolçysy Arda Turan täzeden öňki toparyna yzyna dolanýar. Arda Turan 9 ýyl soňra “Galatasaraý” toparyna gaýdyp geldi.

Türk Telekom stadionynda Arda Turan bilen “Galatasaraý” toparynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda belli bir netijä gelindi. Duşuşykda Arda Turanyň 1+1 ýyllyk şertnama bilen topara goşulandygy mälim edildi.

“Galatasaraý” toparynyň futbol akademiýasynda kemala gelen Arda Turan 2011-nji ýylda 12 million ýewro bilen “Atletiko Madrid” toparyna goşuldy. 2015-nji ýylyň ýazynda bolsa 34 million ýewro bilen “Atletiko Madrid” toparyndan “Barselona” toparyna transfer edildi.

Arda Turan 2018-nji ýyldan bäri “Medipol Başakşehir” toparynda kireýine oýnaýar.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle