Ýurdumyzda yglan edilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilen toýlara baý 2023-nji ýylyň ajaýyp bahar pasly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, döwletimiziň alyp barýan baş syýasy ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns merkezinde saklaýan ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir Türkmenistan ata Watanymyzda däl, eýse dünýä derejesindäki ynsanperwer syýasat hökmünde giň älemde dabaralanýar.
Al-elwan güllere gark bolup, hoşboý ysy bilen burk urup gelýän şeýle ajaýyp baharlarda ynsan göwni has-da galkynýar. Biziň ata-babalarymyz tebigy şertlerimiz boýunça gysga dowam edýän türkmen ýazlarynyň gadyr-gymmatyny gaty belent saýypdyrlar. Arassaçylygyň, tazelenişiň, janlanmanyň alamaty bolan bu pasylda ýaşyl ýaýlalarda ýazlaglar gurnalypdyr. Häzirki günlere çenli hem halkymyz bu asylly däpleri dowam etmek bilen tebigat bilen adamynyň arasyndaky baky sazlaşygy berjaý etmeklige aýratyn uly üns berýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde eden çykyşynda “Düýpli ekologik meseleleri çözmek sebitleýin möçberde Müňýyllygyň maksatlaryna ýetmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şunda ilkinji nobatda, Araly halas etmek we Hazar deňziniň täsin tebigy baýlyklaryny dikeltmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ýörite halkara ekspert toparyny döretmegi zerur hasplaýarys. Şol topar BMG we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlykda, Araly halas etmek boýunça toplumlaýyn halkara hukuk resminamasyny taýýarlap bilerdi” diýip belläpdi. Häzirki wagtda bolsa bütin dünýä hormatly Arkadagymyz tarapyndan edilen bu umumadamzat bähbitli teklipleriň iş ýüzünde amal bolýanlygynyň doly şaýady bolýar. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýa döwlet syýasatynda hem ekologiýa abadançylygy baş maksat hökmünde häsiýetlenýär.
Bu amala aşyrylýan beýik işleriň ählisi hem diňe geljek nesillerimiziň aladasy däl, eýse olaryň edep-ekramy, terbiýesi bilen hem berk baglanşyklydyr.
Çünki ynsan saglygynyň gözbaşy onuň dem alýan howasy, içýän suwy, töwereginiň tebigaty bilen berk baglanşyklydyr. Ýöne baglanşykly hem däl, eýse şol tebigy faktorlara baglydyr. Zeminiň ýüzi ýuwlup, ýere ýyly girende çykylýan gadymy türkmen ýazlak dessurlary biziň häzirki nesillerimize hem tebigatymyzy goramak üçin bahasyna ýetip bolmajak mekdepdir. Çünki bala-çagalary, bütin maşgalasy bilen ýazlaga çykan pederlerimiz hut şol ýerde öz nesillerine tebigat bilen adamzadyň hakyky dostluk däpleriniň neneňsi berjaý edilýänliginiň ilkinji sapaklaryny berip başlapdyrlar.
Oglanjyklar kakalaryndan güberipjik duran gelin kömelegiň köküne golaýrak ýerden, topragyň içinden guşagyňa gyssyrylan çaklaňja çakgyjyk bilen hökman kesilip alynmalydygyny, gyzjagazlar bolsa ejelerinden ýuwa, ýelmik, ysmanak, selme, semretgiç ýaly göräýmäge bol ýaly görünýän dermanlyk otlaryň hem köklerini ýolman emaý bilen ýapraklaryny çirtmelidigini öwrenipdirler. Bu bolsa häzirkizaman bilim ulgamynyň gurnalşyny ýada salýar. Çünki nazaryýetde alynan bilimleriň tejribede iş ýüzüne geçirilmegi berlen bilimiň berkidilmeginiň esasy şerti bolup durýar.
Ata-babalarymyz berekede baý topragyň nygmatlaryny peýdalanmagyň ilkinji düzgünlerini berjaý etmekligi berk sargyt etmek bilen çäklenmän olara iş ýüzünde hem öwredipdirler. Häziriki berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam etdirilýär. Ine şu günlerki planetamyzyň arassa howasyny gorap saklamak bilen baglanykly ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän çäreler hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Her ýylda yzyzgiderli geçirilýän bag ekmek dabaralary bolsa bu asylly ýörelgeleriň diňe bir öz ýurdumyzyň we häzirki döwrümiziň aladasy däl-de, ekologiýa meseleleriniň çözülmegi tutuş dünýäni we uzak geljegi nazarlaýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Umuman türkmen ýazlagy ýazlara aşyk, tebigata dost bolan halkymyzyň özboluşly toýy diýsek hem hakykatdan daş düşmesek gerek! Özem bu toý adam bilen tebigaty ysnyşdyrýan toýdyr. Ýazlaryňyz gutly bolsun mähriban ildeşler! Pederlerimiziň pentlerine uýup tebigatymyzy juda aýawly saklalyň. Çünki ekologiýa, daşky-gurşawymyz hakyndaky şu günki aladamyz ertirki nesillerimiziň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
Şöhrat AKGAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň
Mary welaýat müdürliginiň harby gullukçysy. Kapitan.