TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Apple önümleriniň 3-üsi 1-likde zarýad alar

«Apple» kompaniýasy öz ulanyjylaryna ýene bir täze mümkinçiligi hödürledi. Indi ulanyjylar kompaniýanyň üç önümini ýagny «iPhone» akylly telefonlaryny, «Apple» akylly sagatlaryny we simsiz gulaklyklaryny şol bir wagtyň özünde zarýad bermäge ukyply «Qi» simsiz zarýad beriji enjamy alyjylara hödürlendi. Olaryň üçüsi hem simsiz şekilde şol bir wagtda zarýad almaga ukyplydyr. Bu zarýad beriji enjam esasan hem Apple kompaniýasynyň önümlerini giňden ulanýan ulanyjylara niýetlenendir. Bu zarýad beriji enjam ulanyjylaryň wagtlaryny, elektrik energiýasyny tygşytlamagyny üpjün eder. Bu zarýad beriji enjamyň haýsy senede satuwa çykaryljakdygy barada heniz anyk maglumat berlenok.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle