TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Apple”-iň ulaglaryny hem görmek bolar

Dünýä belli “Apple” kompaniýasy “iPhone”, “iPad” we “iMac” ýaly smartfondyr kompýuterleri satmakdan başga-da, öz önümleriniň gerimini has-da köpeltmek isleýär. Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň biri bolan “Apple” şereketi ozal elektrik awtoulag bazaryna girmek isleýändigi barada mälim edipdi.

“Reuters” habar gullugynyň habar bermegine görä, kompaniýanyň bu taslamasynyň senesi yglan edildi. Amerikanyň  “Apple” kompaniýasynyň öndürjek ilkinji “Apple Car” elektrik awtoulagy, 2024-nji ýylda köpçülikleýin önümçilige başlajakdygy barada bellenilip geçildi.

Kompaniýanyň taslamasy batareýadaky düýpli üýtgeşmelere esaslanýar. Taslamasynda ulanjak batareýalary öz önümçiligi bolar. Munuň üsti bilen elektrik ulaglarynyň iň uly çykdajylary bolan batareýalaryň bahasy arzan boljakdygy bellenip geçildi. Şeýle hem elektrik awtoulaglarynyň möhüm meselesini hem çözmäge hemaýat berer. Ýagny uzak aralyga gidilende bu elektrikli awtoulaglar batareýanyň güýji pese gaçan halatynda ony täzesi bilen ýerini çalşyp, ýollaryny dowam etdirip bilerler.

“Awtoulag senagaty –  başlangyç çykdajylaryň gaty ýokary bolan ýeridir. Girdejili kompaniýa bolmak üçin “Tesla” kompaniýasyna azyndan 15 ýyldan gowrak wagt gerek boldy. Dünýäde bu ugurda önümçiligi ýola goýup biljek kompaniýa bar, ol hem “Apple” kompaniýasydyr” diýlip, bellenilip geçilýär.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

Dünýäde iň köp isleg bildirilýän awtoulaglar

Google Translate Offline :Türkmen dilinde hem hyzmat

Baş Redaktor

“Huawei” kompaniýasy Türkmenistanda sanly telefon ulgamyny giňletmek işine gatnaşar

Teswirle