TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Apple”: Iň täze habarlar

“Apple” kompaniýasy indi ençeme ýyl bäri dünýäde meşhurdyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri dünýäniň iň gymmat hususy kompaniýalarynyň hatarynda ilkinji orny eýeleýär. “Apple” kompaniýa barada gyzykly habarlar gündelik köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde okyjylara ýetirilýär. Geliň, olaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň.

“Apple” 532 milliard dollar ýitirdi

ABŞ-da ýerleşýän “Apple” tehnologiýa kompaniýasy 532 milliard dollar ýitgi gazandy. Kompaniýa koronawirus pandemiýasy döwründe bu ýitgini gazanandygyna garamazdan henizem “Microsoft” kompaniýanyň öňünde durmak bilen dünýäniň iň gymmat hususy kompaniýasy adyny saklaýar. Kompaniýanyň çykdajylary barada berilýän maglumatlara görä, paýnamalaryň 22,6 göterim pese gaçandygy habar berildi.

Şübheli web sahypalar 7 esse artdy

Geçen günlerde “Apple Watch” modelleri bilen tanyşdyrmak we oktýabr aýynda täze “iPhone 12” modelini hödürlemäge taýýarlyk görýän “Apple” kompanýasy hemmeleriň ünsüni özüne çekip başlady.

Kasperskiniň hünärmenleriniň pikiriçe, “Apple” kompaniýasy bilen bagly maglumatlar ýerleşdirilen, şeýle-de “Apple” sözi ulanylan 100-den gowrak şübheli web sahypalaryň bardygyny mälim etdiler. Esasanam 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda bu çeşmeleriň sany 7 esse artyp, 700-den geçdi. Asyl sanyň mundan has köp bolup bolmagy mümkindigi hem habar berildi.

Beýanata görä, şübheli web sahypalaryň hyzmatlarynyň käbiri ulanyjylara ýitirilen telefonlaryny tapmagy teklip edýär, beýlekileri bolsa “Apple” hasabyna gaýtadan girmegä ýardam edýär diýen ýazgylaryň bardygy bellenilip geçilýär. Käbir galp web sahypalary resmi “Apple” goldaw hyzmatyny hem görkezýär.

Şeýle şübheli web sahypalar kompaniýanyň gizlin maglumatlaryny ogurlamak we ýaýratmak üçin ulanylýar. Ulanyjylara şeýle web sahypalardan peýdalanmazlyk, seresap bolmaklyk maslahat berilýär. Çünki şübheli web sahypalar ulanyjyny aldap, ýerliksiz hyzmatlary hödürläp biler.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle