SPORT

Antonio Konte “Napoliniň” baş tälimçisi boldy

“Ýuwentusyň”, “Çelsiniň” we “Interiň” öňki tälimçisi Antonio Konte Italiýanyň “Napoli” futbol klubuna baş tälimçi bellenildi.

54 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket edýär.
Konte öz begenjini beýan edip, toparyň we klubuň ösüşi üçin elinden gelenini etmäge wada berdi.
Konte 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda “Ýuwentusyň” baş tälimçisi boldy, onuň ýolbaşçylygynda topar yzygider üç gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.

Şeýle-de, hünärmen Londonyň “Çelsisine” (2016-2018) we “Tottenhemine” (2021-2023), Milanyň “Interine” (2019-2021) ýolbaşçylyk etdi. Italýan topary bilen Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. “Çelsi” bilen Angliýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy. 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda Italiýanyň milli ýygyndysyna tälimçilik etdi.

Ýene-de okaň

Ronaldodan özboluşly täze rekord

Futbol şüweleňi: Ýewropa çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Tramp: Habib örän akylly, oňa uly geljek garaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan – Gonkong duşuşygynyň petekleri satlykda

Çerçesow Gazagystanyň milli ýygyndysyna tälim berer

Mareska “Çelsi” toparyna tälim berer