SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Antalýada gum heýkeltaraşlyk muzeýi 2021-nji ýyla taýýarlanýar

Halkara Antalýa gum heýkeltaraşlyk muzeýi heýkeltaraşlaryň koronawirus sebäpli gelip bilmeýänligi üçin möwsümini giç açmaly boldy. Gum heýkeltaraşlyk muzeýiniň düýbünden başga bir görnüş bilen 2021-nji ýylda geçiriljekdiginii mälim eden muzeýiň müdiri Jem Karaja taýýarlyk işleriniň ýanwar aýynda başlajakdygyny aýtdy.

Epidemiýa sebäpli täze heýkeller ýasamagyň ýerine, 2019-njy ýyldaky ‘Dünýäniň täsinlikleri, mifologiýa we deňiz rowaýatlary” atly heýkelleri dikeltmek kararyna gelen muzeý ýolbaşçylary 2021-nji ýylyň mowzugynyň ýanwar aýynda kesgitlenjekdigini we heýkelleriň gurluşygynyň mart aýynda başlajakdygyny habar berdi.

Muzeýiň müdiri Jem Karaja indiki ýyldaky möwsümi höwes we uly umyt bilen garaşýandygyny belledi.

Ol:“Täze-täze döredijiligimiz üçin daşary ýurtlardan 40-dan gowrak heýkeltaraş Antalýa gelip, öz heýkellerini ýasamagyna garaşylýar”-diýdi.

 

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy