JEMGYÝET

Annak Sähetmyradow adyndaky 42-nji orta mekdebi açyldy

Şu gün ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Şol çäreleriň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda mugallym we 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň ady dakylan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebi açylyp, ulanmaga berildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.

Şu gün ulanmaga berlen bu mekdebe ene-atalary bilen ilkinji gezek mekdep gapysynda ädimi ätleýän ýaş türkmenistanlylar hem geldi. Açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlary hökmünde hormatly weteranlar we ýaşulular hem-de welaýatyň jemgyýetçilik wekilleri çagyryldy. Şeýle hem dabarada Annak Sähetmyradowyň gyzy D.Orazdurdyýewa hem myhmanlaryň arasynda öz ornuny aldy.

Açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlag hatynyň okalmagy bilen başlandy.

Soňra dabarada mekdep mugallymlary we okuwçylar çykyş etdiler. Kakasy Annak Sähetmyradowyň köp ýyllyk mugallymçylyk hem-de edermençilikli durmuş ýoly barada gyzy D.Orazdurdyýewa öz çykyşynda belläp geçdi.

Şeýle hem açylyş dabarasynda 1-nji synpyň okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan döwrebap kompýuterler sowgat berildi.

Dabara gatnaşyjylar täze gurlan mekdebiň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Döwrebap pedagogiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan informatika, biologiýa, himiýa synplaryna, şeýle hem dilleriň çuňlaşdyrylyp öwredilýän lingafon otaglaryna baryp gördüler.

 

“Windows” üçin Sözlük: “Makul Sözlük”

 

 

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri