JEMGYÝET

Ankarada Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar fondunyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Tegelek stoluň gatnaşyjylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde döwletiň üstünlikleri we ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyryldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Ilçisi çärä gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Şeýle hem, Ilçihananyň diplomatlary Türkmenistanyň hökümetiniň türkmen ýaşlary hakynda edilýän aladalar barada aýratyn belläp geçdiler.

Şeýle hem, tegelek stoluň gatnaşyjylar «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde 2024-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň uzak möhletli wezipeleri bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Lebapdaky mugallymçylyk mekdebi Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNISEF-iň ýurdumyzdaky täze wekilini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri