TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Angliýanyň milli çempionaty – tälimçileri çalyşmakda öňdebaryjy

Golaýda Angliýanyň milli çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Çelsi” bilen “Lester” toparlaryny tälimçilerini wezipesinden boşatdy. Şu möwsümde Angliýanyň milli çempionatynda tälimçileri wezipesinden boşatmak boýunça 13 ýagdaý hasaba alyndy. Bu rekord boldy. Mundan ozal, bir möwsümde 10-dan köp tälimçisi wezipesinden boşatmak ýaly waka duş gelinmändi.

Soňky 2 hepdede iňlis toparlarynyň 4 sanysy tälimçisini işiden boşatdy. 17-nji martda “Kristal Pelas” topary Patrik Wieýrany, şondan soňra “Tottenhem” topary Antonio Konteni wezipesinden boşadan bolsa, “Çelsi” topary Graham Potter, “Lester” bolsa Brendan Rojers biler şertnamasyny ýatyrdy.

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynda tälimçilerini çalyşmakda Fransiýa öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda toparlar tälimçilerini köp çalyşýar. Emma bu gezek Angliýa öňe geçdi.

Angliýanyň çempionatynyň sanawynda 12-20-nji orunlardaky toparlar tälimçilerini çalyşdy.

Ýene-de okaň

Messiniň rekordy, Ronaldo kuboksyz galdy

Messi 43-nji kubogyny gazandy

Messili “PSŽ” topary çempion boldy

Teswirle