Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda ilkinji gezek “Mançester” derbisi – “Mançester Ýunaýted” bilen “Mançester Siti” toparlary duşuşar. Final 3-nji iýunda geçiriler.
“Mançester Ýunaýted” topary ýarym finalda “Braýton” toparyny 11 metrlik jerime urgularyndan 7:6 hasabynda ýeňen bolsa, “Mançester Siti” topary bolsa, “Şeffild Ýunaýted” toparyny 3:0 hasabynda utdy.
Hosep Gwardiolanyň “Mançester Siti” topary bu ýaryşyň finalyna çenli derwezesinden birje pökgi hem geçirtmedi. Şeýlelikde, “Mançester Siti” topary 1965/66-njy möwsümden soňra şeýle netije gazanan topar boldy.
Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryş 1871-nji ýylda bäri geçirilip gelinýär we dünýäniň iň gadymy futbol ýaryşlarynyň biridir. Ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek “Mançester” derbisi geçiriler.
“Mançester Ýunaýted” topary bu ýaryşda 20 gezek finala çykyp, 12 gezke ýeňiş gazandy. Soňky gezek bu topary 2016-njy ýylda kubogy gazanypdy.
“Mançester Siti” topary bolsa, 11 gezek finalda çykyş edip, 6 gezek Angliýanyň kubogyny gazandy. Soňky gezek 2019-njy ýylda bu kubogy eýeläpdi.
Angliýanyň kubogyny iň köp gezek “Arsenal” topary gazandy. Toparyň kuboklarynyň sany 14-e deňdir.
Soňky gezek bu kubogy “Liwerpul” topary gazandy. Geçen ýylyň finalynda “Çelsi” toparyny ýeňipdi.