TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Angliýanyň ekologiýa taýdan arassa topary

BBC teleýaýlymy we BMG guramasynyň “Sport – howany goramagyň tarapynda” atly maksatnamasy bilen bilelikde Angliýanyň milli futbol çempionaty bolan “Premýer-liga” çempionatynda ekologiýa taýdan iň arassa toparlaryň sanawyny hödürledi.

Bu ugur boýunça “Tottenhem” topary 21 utuk gazanyp birinji orny eýelemegi başardy. Ikinji orunda “Arsenal” topary ýerleşdi, üçünji orny bolsa “Braýton” topary eýeledi.

“Mançester Ýunaýeted” topary dördünji orny eýeledi. Bu toparlaryň ählisi jemi 20 utuk gazanmagy başardylar. “Mançester Siti” bolsa bäşinji orunda ýerleşdi. “Premýer-liga” çempionatyň geçen möwsüminiň ýeňijisi “Liwerpul” topary bu ugur boýunça ýedinji orunda ýerleşdi. “Çelsi” bilen “West Bromwiç” umumylykda sekizinji oruny paýlaşdylar.

Bu ugurda öňdebaryjylary kesgitlemek üçin jemi sekiz ugur boýunça toparlaryň alyp barýan işlerine baha berdiler. Ýagny, toparlara arassa energiýa (2 bal), energiýany netijeli ulanmagy (2 bal), durnukly ulag (2 bal), bir gezeklik plastmassa gaplary azaltmak ýa-da aýyrmak (2 bal), galyndylary dolandyrmak (2 bal), suwuň netijeli ulanylmagy (2 bal), az uglerodly iýmit görnüşleri ulanmagy (3 bal) hem-de aragatnaşyk we gatnaşygy (3 bal) ýaly ugurlardaky görkezijileri haspalandy.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Teswirle