TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Angliýanyň çempionaty: tälimçiler Potter we Rojers wezipesinden boşadyldy

Angliýanyň milli futbol çempionatynda “Çelsi” we “Lester” toparlarynyň ýolbaşçy düzümi toparlarynyň şowsuz çykyş etmeginiň netijesinde tälimçilerini wezipesinden boşatdy.

Amerikaly işewüriň ýolbaşçylygyndaky “Çelsi” toparynyň tälimçisi Grem Potter 7 aý tälimçilik edip bildi. 47 ýaşyndaky tälimçi 2022-nji ýylyň sentýabrynda bu topara gelipdi. Ol “Braýton” toparyny taşlap, “Çelsi” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşypdy.

Ýöne toparyň şowsuz çykyş onuň tälimçilik işiniň bes edilmegine getirdi. Häzirki wagtda toparyň baş tälimçisi wezipesini wagtlaýyn Bruno Saltor alyp barar.

“Çelsi” topary çempiontada 38 utuk bilen 11-nji orunda barýar. Şol bir wagtda topary UEFA çempionlar ligasynda 1/4 finalda çykyş edýär.

***
“Lester” topary hem tälimçisi Brendan Rojersi wezipesinden boşatdy. 50 ýaşyndaky tälimçi bilen şertnama iki tarapyň razyçylygy bilen bes edildi. Demirgazyk Irlandiýanyň raýaty bolan Rojersiň ýolbaşçylygyndaky “Lester” topary soňky 7 duşuşygyň 6-synda ýeňlişe sezewar boldy, bir duşuşyk de-me-deň tamamlandy.
Topar 25 utuk bilen 18-nji orunda barýar.
Rojers bu topary 2019-njy ýyldan bäri tälimçilik edip gelýär. 2021-nji ýylda Angliýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazanypdy.

Ýene-de okaň

Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi

Messi PSŽ bilen hoşlaşdy

Al-Ittihad topary Benzema bilen şertnama baglaşdy – Al Ekharabiýa

Teswirle