DÜNÝÄ

Angliýanyň baý türgenleri

“Sunday Times Rich List” neşiri Angliýanyñ iñ baý ýaş türgenleriniñ sanawyny düzdi. Sanawa Angliýanyñ raýaty ýa-da Angliýada ýaşaýan 30 ýaşa çenli türgenler girýär.

Sanawda birinji orny “Real Madrid” toparynyñ 30 ýaşly uelsli ýarymgoragçysy Garet Beýl eýeledi. Onuñ girdejisi 128 million ýewro barabardyr. Ikinji orny iñlis boksçysy Entoni Joşua eýeledi. Onuñ girdejisi 121 million ýewro barabar. Üçünji orunda “Mançester Ýunaýted” toparynyñ oýunçysy Pol Pogba ýerleşdi, girdejisiniñ sany 56,6 million ýewro ýetdi.

Ýakynda Garet Beýl koronawirus epidemiýasyna garşy göreşmek üçin ýerli saglyk geñeşine 500 müñ ýewrodan gowrak pul möçberini berdi.

Ýene-de okaň

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy

Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyryldy

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Türki akademiýasynyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary “British Library” kitaphanasynda saklanýar