SPORT

Angliýa bilen Niderlandlar ýarym finalda duşuşar

Germaniýada dowam edýän hem-de ahyrlap barýan futbol boýunça Ýewropa çempionatynda 1/4 finalyň duşuşyklary tamamlandy. Düýn oýnalan duşuşyklarda Angliýa Şweýsariýany 11 metrlik jerime urgurlaryndan, Niderlandlar bolsa Türkiýäniň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, 9-njy iýulda Ispaniýa bilen Fransiýa, 10-nji iýulda bolsa, Angliýa bilen Niderlandlar duşuşar. Olaryň ýeňijileri 14-nji iýulda Ýewropanyň iň güýçli milli ýygyndysy hem-de kubogy almak ugrunda final duşuşygynda bäsleşer.

Bu Ýewropa çempionaty futbolçylaryň öz derwezelerine geçiren gollary bilen ýatda galýar. Düýn geçirilen duşuşykda Türkiýäniň ýygyndysyndan Mert Müldüriň öz derwezesine geçiren goly bilen şeýle gollaryň sany 9-a deň boldy.

Häzirki wagtda bu çempionatda iň köp gol geçiren futbolçylar Jamal Musiala, Žorž Mikautadze, Iwan Şrans we Kodi Gakpo bolup, olar 3 goldan geçirdi. Bu futbolçylaryň arasynda häzirlikçe diňe Niderlandlaryň düzüminde çykyş edýän Gakpo çempionata dowam edýär.

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: 8-nji tapgyrda Maksatmyrat Daňatarow ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä belli boksçy Muhammet Alynyň durmuşy boýunça serial düşüriler

Ata Watan Eserleri

Basketbol duşuşyklary üçin 76 milliardlyk şertnama

“Arkadag” we “Ahal” Naýbaşy kubogy üçin bäsleşer

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň bijeleri çekildi

Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar