TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Amandurdy Agajykow: saz bilen ýaşaýan ömür

 Döredijilik zehini ylahydan berilýändigi üçin täsiri güýçlüdir. Sungatyň islendik ugry babatda-da şeýle. Özüm-ä hemişe şu pikirde. Sungata ömrüni bagyşlan her bir şahsyýet bakyýetden göç edensoň hem döreden eserleri bilen ýaşaýar. Olaryň aramyzda ýoklugyna ynanasyň gelenok. Bu ýagdaý zehinli kompozitor Amandurdy Agajykow babatda hem şeýle. Onuň döreden ajaýyp sazlarydyr aýdymlary häli-şindi teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur welin, öz-özüň: «Aman aga saz bolup ýaşaýar» diýeniňi duýman galýaň. Hon-ha, hut şu pursat hem «Türkmen owazy» teleýaýlymynda zehinli ýaş ýigitleriň biri gyjakda Aman aganyň «Sorama» atly sazyny çalyp otyr. Bu saz çalnyp başlandan ähli ünsüň, pikiriň sazyň dünýäsine siňip, tä saz tamamlanýança doňup galan ýaly bolýaň. «Gapdalyňdan geçýän, bakyp her ýana,

«Ogryn-ogryn gözleýäň» diýip sorama…» Kalby aýdymly şahyr Täçli Gurbanowyň goşgy setirlerini saza goşup biygtyýar hiňlenýäň. Diýseň şowly çykan, jüpüne düşen owadan aýdym. Bir mahallar uly gyz wagtlarymyz haly dokanymyzda radio diňlärdik. «Soňky tüýkülik sakgal ezmez» atly radiooýunda-da şu aýdymdan bölek aýdylýar. Şeýle bir tolgundyryjy täsir ederdi. Aman aganyň bu sazyna soň enelerimizi taryplap: «Jan ejem dälmi?» diýip  ýazylan goşgy setirlere aýdylýan aýdym hem diňleýjileriň göwnünden turýar. Şol bir saza iki sany ajaýyp aýdym, özem hiç wagt könelmejek aýdymlar, gör, näçe ýyl bäri ýaňlanyp ýör, diňlenip ýör. Aman aganyň şeýle owadan sazlaryna döredilen meşhur aýdymlar bolsa, sanardan kän. «Gumly gelin», «Guwlar gelipdir», «Süýji arzuwlar», «Aýly agşam», «Aýryldym», «Daň şemaly», «Mirasdarym» we başga-da ençeme aýdymlary bar. Özem haýran galdyrýan ýeri, ol aýdymlary ýatlanyňda heňi, sözleri ýekän-ýekän ýadyňa düşüp, hat-da ilkinji ýerine ýetirijileriniň owazy-da gulagyňda ýaňlanýan ýaly. Ol «Ogul», «Mirasdar», «Ýartygulak», «Ar alyş jülgesi», «Türkmen toýlary», «Seniň aýdymyň», «Men hemişelik geldim», «Saýlanan ýol», «Agşamky görkeziliş», «Ýandym» we başga-da birnäçe çeper hem dokumental filmleriň, «Şah gyzy», «Ýedigen», «Wah murtum» ýaly sahna oýunlarynyň, «Alňasama, Annamyrat», «Hiçden giç ýagşy», «Japbaklar»  we başga-da birnäçe sazly gülküli oýunlaryň sazyny ýazypdyr. Halypa kompozitoryň döredijilik aýratynlygy ol türkmen ruhuny, içki dünýäsini, paýhasyny inçelik bilen duýga besläp agramly sazlary döredýänliginde. Filmiň meşhur bolmagynda bolsa, sazynyň şowly çykmagynyň uly orny bar.

Aman Agajykowy mundan 20 ýyl töweregi öň «Edebiýat we sungat» gazetiniň şol wagtky baş redaktory Annamyrat Poladowlaryň agtyk toýunyň üýşmeleňiňde ýüzbe-ýüz görüpdim. Şol wagtlar ol 70 ýaşlarynda bolmaly. Goşgularyna aýdymlary döredilen şahyr zenanlar gezekli-gezegine onuň gapdalynda durup ýadygärlik surata düşýärdiler. Aman aga bolsa, saçak başynda oturan ýerinde sadalyk bilen mylaýym ýylgyryp, kän bir ähmiýet hem bermän öz dünýäsi bilen otyrdy. Şonda ýekeje gezek ýüzbe-ýüz gören bolsam-da, ussat kompozitor Aman Agajykow sazlary ýaly mylaýym häsiýetdäki, adamyň keşbinde göz öňümde galdy.

Bir gezekTürkmenistanyň halk ýazyjysy Sapar Öräýewleriň öýlerine ýörite söhbetdeşlige bardym. Sapar aganyň ýogalmazynyň bir ýyl töweregi öň ýanlarydy.  Şonda ol: «1969-njy ýyldy. Bir gün günortan öýe nahara barýardym. «Çagalar dünýäsi» dükanyň gapdalyndaky köçe bilen demirýola ýakynlanymda ýolugra Aman Agajyk gabat geldi. Ol: «Sapar, bilbil nämä saýraýar?» diýdi. «Gülüň yşkyna düşüp saýraýar» diýdim. «Onda ýap-ýaňyja täze bir saz döretdim. Şony diňläp gör, belki, goşgusyny döredersiň. Kyn görmeseň öýümize baraly» diýdi. Göni Aman Agajyklara gitdik. Ol pianinoň başyna geçip döreden sazyny çalyp başlady. Sazyň özi sözlerini gürläp dur. Diňe kagyza geçiräýmeli. Şeýle bir joşgun berdi. Şo duran ýerimde:

 «Bilbil näme bu gün zaryn saýraýar,

Ýa-da ol hem tapman ýörmi taýyny…» diýip, goşgusy döredi. Şonda ikimizem günortanlyk edinmändik. Emma täze bir owadan aýdym döredemizsoň, begenjimizden çaý-çörek ýadymyza düşmedi. Şo ýerden işe gaýtdym» diýip gürrüň berdi. Şol aýdymyň döredilenine eýýäm 50 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Emma onuň döreden aýdym-sazlarynyň ýyl geçdigiçe gymmaty egsilenok. Ýerine ýetirijiler uly höwes bilen aýdýarlar.

 Ýakynda onuň döredijiligi, durmuşy barada içgin tanyşmak maksady bilen maglumat toplamaga girişdim. Amandurdy Agajykow 1937-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Börme obasynda doglan eken. Ol dört erkek dogan, bir aýal dogan bolupdyr. Ýöne häzir olaryň hiç biri aýatda ýok. Onsoň Aman aganyň özünden uly agasy Atanyýaz Agajykowyň gyzlary Annatäç, Nartäç hemem Maýsa dagy bilen Nartäçleň öýlerinde jemlenip, olaryň Aman aga barada bilýän ýatlamalaryny ýazgy etdik. Nartäç: « Aman kakamyň  aýaly Ýewgeniýa Nikolaýewna Agajikowa Moskwada ýaşaýar. Aman kakamyň bir ogly bir gyzy bardy. Ogly Amanjyk, gyzy Marina ikisem ilki häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iňlis dili hünärinden bilim aldylar. Soňra ogly Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetinde arap dili hünärinden, gyzy žurnalistika hünärinden bilim aldy. Ogly Amanjyk Agajykow Leningradda (Häzirki Sankt- Peterburgda) ýaşaýar. Ol häzirki wagtda žurnalist bolup işleýär. Onuň Läle atly bir gyzy bar. Marina  bolsa 45 ýaşynda ýogaldy. Aman kakamyň köp arhiw ýazgylary Moskwadaky öýünde galdy. Käbir şahsy maglumatlary bolsa, ýurdumyzyň döwlet arhiwinde-de bolmaly. Ýöne mende-de biraz maglumatlary bar — diýip, ol ilki bilen Aman aganyň pasportynyň göçürmesini, foto suratlaryny, metbugat neşirlerinde Aman aga barada ýazylan makalalaryň käbirlerini, kompozitoryň döreden eserlerinden nota ýazgylary, onuň 2016-njy ýylda sylaglanan «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyny resminamasy bilen hem-de 1987-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan «Türkmenistan» neşirýatynda çap edilen «Kompozitor Amandurdy Agajykow» atly rus dilindäki kitabyny öňümde goýdy. Bu kitapda Aman aganyň döreden aýdym-sazlarynyň, operalarynyň, dürli žanrda döreden beýleki eserleriniň sanawy wagt tertibi boýunça, şeýle-de aýdymlarynyň haýsy şahyryň goşgusyna döredilendigi, olaryň ilkinji ýerine ýetirijisiniň atlary bilen, opera eserleriniň wakasyna düşündiriş berlip, haýsy teatrda näçinji ýylda goýlandygy görkezilýär. Kitabyň mazmuny bilen tanşanyňda Aman aganyň baý döredijiliginiň bardygyna gaýtadan göz ýetirip bolýar.

 Ol 1950-nji ýylda ýurdumyzyň ýörite orta sazçylyk mekdebinde wiolonçel saz guraly hünärinden okap başlapdyr. 1953-nji ýyldan bolsa, Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Okap ýören wagtlary onuň ýiti zehininiň, ylaýta-da kompozitorçylyk ukybynyň bardygyny duýup, ol Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa iberilýär. 1957-1964-nji ýyllarda konserwatoriýada okaýar. Ol ýerde Aman Agajykow görnükli kompozitor, professor Anatoliý Aleksandrowyň elinde tälim alýar. Onuň talyplyk ýyllarynda ýazan «Garagum» atly simfoniki sýutasy we «Sona» operasy ýaly eserleri ýurdumyzyň saz jemgyýetiniň ünsüni çekýär. «Sona» operasy onuň diplom işi. Onuň 1965-nji ýylda döreden «Dabaraly uwertýura», 1967-nji ýylda döreden «Poema» şeýle hem dört bölümden ybarat «Pioner  sýutasy» şol ýyllarda döreden iri eserleridir. 1969-njy ýylda şol wagtky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda Aman Agajykowyň «Gowgaly gije» operasy goýulýar. Onuň döreden aýdymlary ýerine ýetirijiler tarapyndan ürç edilip aýdylýar. Kompozitor 1984-nji ýylda «Praga bahary» atly saz festiwalyna çagyrylýar. 1989-njy ýylda bolsa, ol türkmen sungatynyň Komboja döwletine iş sapary bilen giden wekiliýetiniň çeper ýolbaşçysy bolýar. 1948-nji ýylda «Saýathan» operasy Amandurdy Agajykowyň sazy esasynda ýazylýar. Aman Agajykow 1974-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1976-njy ýylda «Türkmenistanyň Lenin komsomoly» baýragynyň eýesi bolupdyr. Ol 1967-nji ýylda SSSR kompozitorlar soýuzynyň agzasy, 1977-nji ýylda Türkmenistanyň Kompozitorlar soýuzynyň başlygynyň orunbasary bolýar. Şeýle hem ol 1981-nji ýylda A.W.Aleksandrow adyndaky kümüş medala we birnäçe hormat hatlara mynasyp bolupdyr. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Aman Agajykow Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolupdyr.

— 2016-njy ýylda hormatly Arkadagymyz öten geçen merhumlary hatyralap birnäçe sungat wekillerini döwlet sylagy bilen sylaglady. Şonda Aman kakama berlen Şa serpaýyny jigisi hökmünde maňa gowşurdylar. Aman kakamyň «Şamçyragym Türkmenistan» atly simfoniki eseri Moskwanyň uly teatrynda 250 adamdan ybarat orkestr bilen çalnan eser. Onuň bu eseri Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň hem ýeňijisi boldy. Şonda baýragyny alyp geldi-de: «Jigim, sen meniň ýekeje aýal doganymyň ady dakylan. Şu sylagymdan näme sowgat alyp bereýin?» diýdi. Aman kaka, özüň näme sowgat beresiň gelse beräý — diýdim. Ynha, şu altyn sagady alyp berdi. Bu sagat häzirem işläp dur. Sagadyň jyk-jyk urgusy meniň üçin Aman kakamyň ýürek urgusy bolup eşidilýär — diýip, Nartäç sowgat berlen altyn sagadyny görkezip gürrüňini dowam etdi.

— Ynha bu, «Ruhum täzelendi bakyp binýada » (4 bölümden ybarat Altyn Asyr şekilleri) 2004-nji ýylda döreden eseri, «Altyn geljegim», «Oguz han», «Ýaňlan, Diýarym!»… Başga-da eserleri kän. Özi aýatda bar wagty gyzyklanamyzda ol çak bilen «750-den gowrak eser döredendirin» diýýärdi. Bir gezegem ol «Gumly gelin» aýdymynyň döreýşini gürrüň berdi. Aman kakam bir gün bu aýdymyň sazyny ýazypdyr. Şol saza laýyk gelýän goşgy gözläp,öýüne halypa şahyrlar Kerim Gurbannepesowy, Gurbannazar Ezizowy hemem Gara Seýitliýewi çagyrýar. Olara täze döreden bu sazyny çalyp berýär welin, Gara Seýitli bilen Gurbannazar Ezizow ikisi: «Goşgusyny ertir ýazaýmasak» diýip turmak bilen bolýarlar. Olar gaýdýar welin, Kerim aga-da: «Menem ýeke özüm galmaýyn» diýip öýüne gaýtjak bolýar. Aman kakam: «O nähili ýeke özüň bolýaň, ýanyňda men bar ahyry» diýip alyp galýar. Onsoň Kerim aga: «Wiý, ýogsa-da, mende bir mahal ýazylan goşgym bar, belki şo goşgym şu saza gabat geler» diýip okap berýär welin, sazy bilen sazlaşyp owazlanyp duran aýdym bolupdyr. Aman kakam «Aýly agşam» aýdymyň sazyny talyp döwri döredipdir. Şonda ol saza «Türkmeniň walsy bolsun-la» — diýip, soň Ata Atajanow goşgusyny döredýär. Aman kakam öz eserlerini hiç kime ynanman, opera eserlerini-de gije-gündiz işläp öz eli bilen ýazar eken. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda onuň «Saýathan» operasy gaýtadan dikeldilende tomaşa etmäge çagyrdylar. Şonda kän halypalar Aman kakamy ýatlap , onuň döredijiligine ýokary baha berip, uly hormat goýýandyklaryny aýtdylar. Halypa dirižýor, Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow Aman kakamyň opera eserleriniň elýazmalaryny görkezdi. Ol: «Aman Agajykow köpugurly kompozitor. Aýdym-saz sungatynyň dürli žanrlarynda nusgalyk eserler döredip miras goýdy. Ol türkmen kompozitorlarynyň arasynda özbaşdak şäriksiz opera ýazanlaryň ilkinjisidir. Özboluşly kompozitorçylyk mekdebi saýylýan bu ussat dokuz ýaşynda dutar çalyp başlapdyr. Onuň aýdym-sazlarynyň millilige, halk mukamlaryna ýugrulandygy şonuň üçin bolsa gerek. Biz şoňa simfoniki orkestr bilen onuň çeşme suwy ýaly arassa zehininden çykan dürli žanrlarda ýazan aýdym-sazlaryny çalanymyzda göz ýetirýäris. Halypanyň simfoniki eserlerini daşary ýurtly kärdeşleriniň hem yzygiderli ýerine ýetirmegi onuň ussatlygyndan habar berýär. Aman Agajykowyň döreden eserleri çeper höwesjeňlerdir professional aýdymçylaryň repertuaryndan düşmän, toý-baýramlarda hemişe ýaňlanýar — diýip baha berdi.

 Köplenç Aman kakamyň öý-içerisine, biş-düşüne seretmek üçin gyz doganlarymyz bolup gezekleşip öýüne barardyk. Ol gökli gutap bilen unaşy gowy görerdi. Bile düşen suratlarymyz ýadygärlik bolup galdy — diýip, şahsy arhiwindäki suratlary görkezdi. El telefonundaky wideoýazgyny synladym. Öýüň içinde diwarda türkmen haly asylgy dur. Halynyň ýüzünde milli saz sungatymyzyň sütün halypalarynyň biri Mylly aganyň suraty goýlan. Pianino saz guralynyň başynda özi saz çalyp Aman aga:

«Sen çykarsyň diýip seýil bagyna,

Saba ak güller atyr saçypdyr» diýip aýdym aýdyp otyr. Oňa sazyň yşkynda ýaşaýan, saz ýaly zenan Dürjemal Çaňlyýewa «fleýta» saz guraly bilen sazandarlyk edýär. Halypa gyjakçy Annageldi Jülgäýew bolsa, saz dünýäsiniň sallançagynda gözlerini bir nokada dikip diňläp otyr. Aýdym tamamlanýar. Aman aga: «Şeýle goşga saz döretmän bolarmy? Hany, tapyň-da şular ýaly sözleri?» diýip, döreden aýdymynyň goşgusyna buýsanç bilen baha berýär. Soňra suratlary gözden geçirdik. Gürrüňdeşligimizi Annatäç gelneje dowam etdi. Atam Ak Işanlardan, Agajyk molla diýer ekenler. Aman kakam çaga wagty taýak alyp ýüzüne tikin tikilýän sapakdan kiriş çekip jygyldadyp oturar eken. Kakasy çydaman kowsa, ol jaýlarynyň üstüne çykyp, ýene şol hereketi bilen halys ýüregine düşýär. Ahyry çydaman ol paýtagtymyzdaky şol wagtky 2-nji sazçylyk mekdebe eltýär. Aman kakam ol ýerdäki saz gurallary görüp begenjinden uzakly gün aç-suwsuz, tä özleri kowýança otyrmyş. Her günem mekdebe ilden öňinçä barýar eken. Özüniň çagalykdan aýdym-saza söýgüsiniň uly bolandygyny şeýle gürrüň bererdi.

Annageldi Jülgäýew ýogalanda aýatyna bardyk. Şonda onuň Aman kakamyň döreden «Aýryldym» atly sazyny gyjakda çalyp oturan ýazgysyny telefonumyza göçürip aldyk.  

Aman kakamlar bilen ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewler hem  gadyrly gatnaşykda boldular. Hudaýberdi aga uly wezipelerde işleýärdi, emma şeýle sada, belent adamkärçilikli, sowatly, medeniýetli adamlardy. Toýumyzda, hudaýýolymyzda aýaly bilen barardy. Olaryň geýinmek medeniýetiniň özi nusgalykdy. Aýalynyň dagy saçynyň ýeke tary şemala ykjanyny görmedik, şeýlebir sadadan özboluşly ykjam geýinerdi. Hudaýberdi aganyň ejesi Bibi eje dagy üýşmeleň etsek ýatyp giderdiler — diýip gürrüň berdi. Onuň gürrüňini Maýsa bilen dowam etdik. Ol: —1990-njy ýylyň maý aýynda durmuşa çykdym. Gaýtarma bolup öýe gelenimde Aman kakamyň gyzy Marina menden gaýdyp gidýänçäm keteni köýnegim bilen çabydymy sorady.  Ol şol wagtlar Aman kakamyň ýolbaşçylygyndaky «Garagum keşdeleri» atly folklor toparynda tansçydy. Aýtjak bolýan zadym şol wagtlar ýaňy döredilen toparyň eşik üpjünçiligi-de, saz gurallary bilen üpjünçiligi-de ýokdy. Aman kakam toparyndaky çykyş edýän oglan-gyzlara milli eşikleri dogan-garyndaşlarymyzdan, tanyş-bilişlerinden wagtlaýyn alardy — diýip gürrüň berdi.

Aman kakamy agyr ýagdaýda ýatyrka aýaly Moskwadaky öýüne alyp gitjek boldy. Emma Aman kakam dilden galan bolsa-da: «Şu ýerde alyp galyň! Öz topragymda galjak» diýen äheňde ellerini hereketlendirip düşündirdi. Onsoň gelnejemize ýagdaýyny aýdyp ylalaşdyk. 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda-da Aman kakam bakyýete göç etdi. Ol Çoganlydaky gonamçylykda ýerlendi. Şonda onuň kärdeşleriniň, muşdaklarynyň ýanynda diýseň uly sarpasynyň bardygyna has-da göz ýetirdik. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň agzybir işgärleri Aman kakamy şeýle bir sarpaladylar. Hyzmatlary toýlarynda gaýtsyn. Aman kakamyň döreden eserleri toý-baýramlarynyň hemişe bezegi bolsun! — diýip alkyş sözlerini aýtdylar.

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

 Muhammetnazar Mommadow: ussatlaň ýetişdiren ussady

Ata Watan Eserleri

Aşyr Hojatow: ussatlyk mekdebiniň halypasy      

Gülki – Zeminiň duzy

Ata Watan Eserleri

Teswirle