TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Altyn top” baýragy üçin esasy 10 dalaşgär

“Goal” portaly şu ýyl “Altyn top” baýragyny gazanmak ähtimallygy ýokary bolan oýunçylaryň sanawyny düzdi. Sanawda öňdeligi Robert Lewandowski eýeleýär. Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň polýak hüjümçisi şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda 45 pökgi geçirip, “Altyn aýakgap” ýaryşynda öňde barýar.

“Altyn top” baýragy üçin esasy 10 dalaşgär:

  1. 1. Robert Lewandowski (“Bawariýa”).
  2. 2. Lionel Messi (“Barselona”).
  3. 3. Kriştiano Ronaldo (“Ýuwentus”).
  4. 4. Kewin De Bruýne (“Mançester Siti”).
  5. 5. Tomas Müller (“Bawariýa”).
  6. 6. Neýmar (PSŽ).
  7. 7. Erling Holland (“Borussiýa Dortmund”).
  8. 8. Kilian Mbappe (PSŽ).
  9. 9. Jeýdon Sanço (“Borussiýa Dortmund”).
  10. 10. Serž Gnabri (“Bawariýa”).

Lewandowskiniň “Altyn top” ugrundaky göreşdäki iň gowy netijesiniň 2015-nji ýylda ses berişlikde dördünji orny eýeländigini bellemeli.

Häzire çenli “Altyn top” baýragynyň iň köp gazanan futbolçy Lionel Messidir. Onuň baýragynyň sany 6-a deňdir.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle