TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

«Altyn Kölüň» gerimi giňeýär

Hormatly Prezidentimiz 15-nji iýunda Aşgabat şäheriniň demirgazygynda täze dynç alyş merkezini açyp ulanmaga bermek dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Gurtly kölüni «Altyn köl» diýip atlandyrmak barada Karara gol çekdi. Bu ýerde geçirilen göçme iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň gurluşyk-binagärlik keşbini has-da ösdürmek barada öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda ulanmaga beriljek 16-njy tapgyr binalar toplumyndan soňra «Altyn kölüň» kenarynda hem toplumlaýyn gurluşyklaryň 17-nji tapgyryny gurmak barada taslamalar üstünde işlenilýär.

Tomus paslynda ilatyň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň mynasyp dynç almaklary ugrunda döwlet derejesinde işler alnyp barylýar. «Altyn köl»üň ilkinji tapgyry birbada 600 çaga dynç almaga mümkinçilik berjek derejede gysga wagtda taýýarlanyldy. Suwuň ekologik taýdan arassalygynyň yzygiderli barlanylmagy, bu ýerde dynç aljak adamlara lukmançylyk hyzmatlarynyň, jemgyýetçilik iýmiti we söwda hyzmatlarynyň ýola goýulmagy üçin şertler döredilipdir.

Beýleki durmuş hyzmatlary bilen bir hatarda jemgyýetçilik ulaglarynyň, ýagny awtobus we taksi hyzmatlaryny netijeli ýola goýmak adamlaryň rahat dynç almaklaryna mümkinçilik berer. «Türkmenawtoulaglary» agentligi paýtagtyň ilatly nokatlaryndan dynç alyş merkezine awtobus we taksi hyzmatlarynyň ýola goýlandygy barada Hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynda habar berdi. Parahat ýaşaýyş toplumy, Awtokombinat, Teke Bazar, Gurtly bellige alyş nokady ýaly esasy nokatlardan 3, 7, 88 ýaly belgili awtobuslaryň hereketleriniň meýilleşdirilmegi paýtagtyň çar künjeginden dynç alyş merkezine adamlaryň rahat, ygtybarly we elýeter hereketleri üpjün ediler.

 

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle