TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Altyn köl”: Suwa düşmek üçin kepilnama berler

Dabarada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow çykyş etdi. Kölüň ekologiýa ýagdaýy we onuň suwunyň arassalyk derejesi ýokary görkezijilere eýedir hem-de kesgitlenen kada gabat gelýär diýip, ministr belledi. Kölüň kenarynda dynç alýan we saglygyny berkidýän kiçi ýaşly çagalarymyz we uly adamlar üçin zerurlyk ýüze çykanda lukmançylyk hyzmatlary ýola goýuldy.

Kölüň kenarynda dynç almak isleýän raýatlarymyz Talyplar saglyk öýünde, daşary ýurtly raýatlar bolsa paýtagtymyzdaky Halkara kelle we boýun keselleri bejeriş merkezinde lukmançylyk gözegçiliginden geçip bilerler hem-de 14 günüň dowamynda güýji bolan degişli kepilnamany alyp bilerler. Şeýle hem ministr dynç alyş zolagynyň ähli çäginde zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilendigini hem-de şeýle çäreleriň bu ýerde yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy.

Dynç alýanlar dynç alyş zolagynyň girelgeleriniň ikisinde Içeri işler ministrligi tarapyndan gurnalan beketlerde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli bolar. Kölde suwa düşmek düzgüni ir sagat 9-dan 19-a çenli aralykda kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky ähli maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, aýratyn-da, gazet-žurnallarda giňden beýan edilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow bu ýerde guralmagy meýilleşdirilýän söwda hyzmatlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, şunuň ýaly ýerlerde isleg bildirilýän zerur bolan azyk harytlarynyň we beýleki önümleriň giň görnüşlerini üpjün etmek boýunça taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle