TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Altyn köl”: köle jemgyýetçilik ulaglary gatnar

Dabarada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy O.Suhanow haýsy belgili jemgyýetçilik ulaglarynyň «Altyn köle» yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirjekdigini habar berdi. Olar 11, 7 we 82 belgili ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw ugurlarydyr.

Döwlet Baştutanymyz awtobuslaryň we taksileriň hereketleri dynç alyş zolagynyň talaplaryna we kesgitlenen tertibe laýyk ýola goýulmalydyr. Raýatlarymyzyň habarly bolmagy üçin ýolagçy awtoulaglarynyň gatnaw ugurlary bilen baglanyşykly maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir, diýip belledi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew bu ýerde hususy kärhanalaryň alyp barýan gurluşyk işleri, dynç alýanlara kiçi we orta işewürligiň hödürlejek hyzmatlarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.

Toplumyň açylyş dabarasynyň resmi bölegi ýaş artistleriň gatnaşmagyndaky aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdirildi. Bu ýerde dynç almak üçin amatly bassyrmalar, göwnejaý enjamlaşdyrylan çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin meýdançalar ýerleşdirilipdir. Çagalaryň dynç almagy üçin otaglaryň 10-sy, hyzmat edýän işgärler üçin ýaşaýyş otaglary, saglyk nokady we «Tiz lukmançylyk kömegi» üçin bassyrmalar göz öňünde tutulypdyr.

Suwa düşmek üçin niýetlenen zolagyň golaýynda egin-eşik çalşylýan bina gurnalypdyr. Tomusky suwa düşülýän möwsümde halas ediş nokady we howpsuzlyk gözegçiligi üçin iki sany gözegçilik diňi, söwda nokady, 160 ulag üçin awtoduralga bar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde ýerleşdirilen tomusky çaýhanalary, azyk harytlary dükanyny, kölüň kenaryndaky toplumyň 1-nji bölegindäki oýun we sport meýdançalaryny synlady. Suwda dynç alşy guramaga niýetlenen mümkinçilikler bilen tanşyp, körpeleriň suwa düşüşlerine syn etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dynç alyş zolagynyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolan 3-nji bölegine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýaşajyk artistler şadyýan aýdym-sazlar we joşgunly tanslar bilen garşyladylar. Dynç alyş zolagynyň bu böleginde ýerleşýän bassyrmalaryň, desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, bezeg aýratynlyklary hem-de dynç alşy üçin döredilen şertler bilen tanşyp, milli Liderimiz gök zolaklaryň döredilmegine we onuň ekologiýa derejesiniň saklanmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz suwuň kenarynda dynç alşy guramak, syýahatçylygy ösdürmek, şypahana işini kämilleşdirmek babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmekde iň kämil usullary peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle