TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“Altyn Globus (Golden Globes)” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

2020-nji ýylyň ýanwarynda 2019-njy ýyl boýunça kinematografiýada we telewideniýede ýetilen sepgitler üçin  Kaliforniýanyň Bewerli Hills şäheriniň “Bewerli Hilton” myhmanhanasynda “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 77-nji gezek geçirilýän kino dünýäsiniň iň abraýly baýragynyň  dalaşgärleri 2019-njy ýylyň dekabrynda aýan bolupdy. Bu dabara NBC teleýaýlymynda  göni ýaýlymda görkezildi we dabarany britaniýaly sungat işgäri Riki Jerweýs alyp bardy.

Kinematografiýany ösdürmäge uly goşant goşan aktýor, prodýuser, ýedi gezek “Altyn globus” baýragynyň ýeňijisi Tom Henkse abraýly “Sesil B. De Mill” baýragy gowşuryldy.

Aktrisa we alyp baryjy Ellen Dejeneres, telewideniýede ýeten üstünlikleri üçin “Karol Bennet” atly baýragyna mynasyp boldy.

77-nji “Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri:

Iň gowy drama filmi –  “1917”.

Iň gowy gülküli ýa-da aýdymly film –  “Bir gezek … Golliwudda”.

Iň gowy drama kinosynyň aktýory – Hoakin Feniks “Joker” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy gülküli ýa-da aýdymly kinonyň aktýory – Teron Edjerton “Roketman” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy drama kinosynyň aktrisasy – Rene Zellweger  “Judi” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy gülküli ýa-da aýdymly kinonyň aktrisasy – Akwafina “Hoşlaşyk” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy ikinji plan aktýory – Bred Pitt “Bir gezek … Golliwudda” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy ikinji plan aktrisasy – Lora Dern “Nika wakasy” filmindäki keşbi üçin.

Iň gowy reŽissýor – Sem Mendes “1917” filmi üçin.

Iň gowy mazmunly kino eseri – “Bir gezek … Golliwudda”.

Iň gowy daşary ýurt filmi –  “Mugthorlar”.

Iň gowy animasiýaly filmi-“Ýitirilen esasy bölek”.

Iň gowy sazy düzen – Hiltur Gudnadottir “Joker” filmindäki sazy.

Iň gowy aýdym – “Ýene meni söý” “Poketman” filmindäki aýdym.

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle