“Altyn globus” baýraklary gowşuryldy

Ki­no dün­ýä­si­niň ab­raý­ly sy­lag­la­ryn­dan bo­lan “Al­tyn glo­bus” baý­rak­la­ry gowşuryldy. 79-nji gezek geçirilýän “Al­tyn glo­bu­s” baýrak gowşurylyş dabarasy Gol­li­wud­da­ky da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler bi­le­le­şi­gi (HFPA) tarapyndan gurnalýar.

Bu gezek bu abraýly baýrak gowşurylyş dabarasy koronawirus ýokanjy sebäpli hiç hili çäre geçirilmän, baýraga mynasyp bolanlar yglan edildi.

Baýraga mynasyp bolanlaryň atlary guramanyň “Twitter” jemgyýetçilik torunda ýerleşdirildi.

  • Baş baýrak “Itiň güýji” filmine berildi. Jeýn Kempion bu filmi üçin “Iň gowy režissýor” baýragyna maynasyp boldy.
  • «Iň gowy komediýa/mýuzikl» kategoriýasynda Stiwen Spilbergiň “Westsaýdyň taryhy” filmi baş baýragy aldy.
  • Drama boýunça iň gowy aktýor baýragyna “Korol Riçard” filimdäki keşbi üçin Uil Smit, komediýa ugry boýunça bolsa “Tik-tak… BUM” filmindäki keşbi üçin Endrýu Garfild mynasyp boldy.
  • “Iň gowy dramatik keşp” kategoriýasynda heýkeljigi “Rikador bolmak” filmindäki keşbi üçin Nikol Kidman eýeledi. Bu ugruň komediýa/mýuzikl kategoriýasynda Reýçel Zegler baýraga mynasyp görüldi.
  • Aýdymçy Billi Aýliş “Iň gowy aýdym” ugry boýunça sylaglandy.
  • Filmiň iň gowy aýdymy boýunça “Altyn globus” baýragyna Hans Simmer mynasyp boldy.
  • “Disney” studiýasynyň “Enkanto” atly multfilmi “Iň gowy multfilm” hökmünde sylaglandy.
  • Daşary ýurt dilindäki iň gowy film boýunça baýraga Ýaponiýanyň “Meniň maşynymyň ruluna geç” atly film mynasyp boldy.
  • Telewideniýe bölüminde esasy aktýor baýraklary Keýt Winslet we Maýkl Kitona gowşuryldy.
  • 77 ýaşly O Ýen-su “Kalmar oýny” atly filmindäki keşbi üçin ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi baýragyna mynasyp boldy.

“Altyn globus” Golliwudyň da­şa­ry ýurt­ly žur­na­list­ler bi­le­le­şi­gi tarapyndan 1944-nji ýyldan bäri film we telewideniýe ulgamynda gowşurylýan sylagdyr. “Altyn globus” baýragy her ýylyň ýanwarynda Golliwudda ýaşaýan 90-a golaý halkara žurnalistiň sesi bilen sylaglanýar.

 

Magtymguly Pyragyny gören şatut



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar