DÜNÝÄ

Altyn balyk: 2 million dollarlyk balyk

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde 2020-nji ýylyň ilkinji söwda satuwy tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Tokionyň Sukidzi bazarynda köpçülikleýin balyk söwda satuwy geçirilýär. 2020-nji ýylda 276 kilogram agramdaky gök tunes balygy (ýyly deňizlerde ýaşaýan ullakan balyk) 1,8 million dollara satyldy.

Bu ägirt uly balygy ýaponlaryň milli tagamy bolan suşi taýýarlaýan restoranlar zynjyrynyň eýesi satyn alypdyr. Bu söwda satuwyna gatnaşmak örän uly abraý we bu söwda satuwynda esasy söwdany amala aşyrmak uly şowlulyk hasap edilýär. Bu tutuş ýyl şol edaranyň işiniň şowly bolmagyny höweslendirýändigi mälim edilýär. Müşderiler bu gymmat bahaly we täze balykdan datmak üçin nobata durýarlar.

Bu tunes balygy XXI asyrda satylan iň gymmat balyklaryň biri boldy. Bu ugurda rekord geçen ýyl goýulupdy. Şonda bu görnüşli balyk 3 million dollara satyn alnypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçiliklerine garaldy

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy Aşgabatda wekilhanasyny açdy

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen ilçisi Kataryň medeniýet ministri bilen duşuşdy

Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy