TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Altyn asyryň» yklym ýaryşyndaky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» futbol toparynyň AFK-nyň kubogy ― 2020-niň çägindäki duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Aziýanyň Futbol konfederasiýasy özüne agza assosiasiýalaryň wekilleri bilen geçirilen maslahatlaşmalardan soňra şeýle karara geldi.

Mälim bolşy ýaly, «Altyn asyr» yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň «D» toparçasynda, ýagny Merkezi zolagynda ýaryşýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň garşydaşlary bolsa Täjigistanyň «Istiklol», «Hujand» we Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» futbol toparlary. Toparçalaýyn tapgyryň merkezleşdirilen duşuşyklary şu döwletleriň haýsy hem bolsa birinde 20-nji oktýabr ― 4-nji noýabr aralygynda geçiriler.

Duşuşyklaryň haýsy şäherde geçiriljekdigi biraz soňrak habar berler. Ýöne Täjigistanyň Futbol federasiýasy eýýäm Duşenbe şäherinde geçirmek baradaky teklip bilen çykdy.

Şeýlelikde, 4-nji noýabrda «D» toparçanyň ýeňijisi belli bolar. Ýeňiji 24 ― 25-nji noýabr günlerinde Interzolagyň ýarym finalynda ýaryşar. Interzolagyň finaly bolsa 2-nji dekabrda geçiriler. Ýaryşyň final duşuşygyny 12-nji dekabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

AFK tarapyndan bellenilen meýilnama laýyklykda, «Altyn asyr» ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny 20-nji oktýabrda «Dordoý» bilen geçirer. Üç gün soňra geçiriljek ikinji tapgyryň duşuşygynda «Altyn asyryň» garşydaşy Täjigistanyň çempiony «Istiklol» bolar. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Täjigistana wekilçilik edýän ikinji bir topar ― «Hujand» bilen üçünji tapgyryň çäginde 26-njy oktýabrda, dördünji tapgyryň çäginde bolsa 29-njy oktýabrda duşuşar. 1-nji noýabrda «Altyn asyr» «Dordoý» bilen ikinji duşuşygyny geçirer. Ildeşlerimiziň toparçalaýyn ýaryşdaky iň soňky duşuşygy 4-nji noýabrda «Istiklol» bilen bolar.

Soňky iki möwsümde bu toparçanyň ýeňijisi bolmagy başaran «Altyn asyr» 2018-nji ýylda ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetdi.

 

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle