«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti täze «Oraza» atly USSD hyzmatyny ýola goýdy. Agyz beklenýän we açylýan wagtlary, tölegsiz USSD menýu üsti bilen “Oraza” hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz
Hyzmaty telefonyňyzda ýörite buýruklary aýlap ulanyp bilersiňiz:
- *0870*1# — Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri üçin;
- *0870*2# — Balkan welaýaty üçin;
- *0870*3# — Daşoguz welaýaty üçin;
- *0870*4# — Mary welaýaty üçin;
- *0870*5# — Lebap welaýaty üçin.
Ozal habar berşimiz ýaly, Oraza aýyna gadam basyldy. Şu gün mukaddes Oraza aýynyň ilkinji güni. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.
Mälim bolşy ýaly, Oraza aýynyň paýtagtymyz Aşgabat we welaýatlar boýunça senenamasy hem saýtymyzda ýerleşdirildi. Şol ýerden isleseňiz, bir aýlyk senenamany telefonyňyza ýükläp alyp bilersiňiz.
Orazalaryňyz kabul bolsun!