TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Altymyrat Orazdurdyýew : Sport ussadynyň durmuş ýoly

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dürli sport ugurlarynda dünýä we Aziýa çempionatlary geçirilýär. Şeýle hem sportuň dürli görnüşli bilen meşgullanýanlaryň sany yzygiderli artýar. Türkmenistanda önüp-ösen agyr atletikaçy pälwan Altymyrat Orazdurdyýew 3 gezek dünýäniň çempionydyr. Häzir dünýä çempiony bolup, sportuň taryhynda yz galdyran Altymyrat Orazdurdyýewiň durmuşy bilen baglanyşykly käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň bugünki sanynda  Žurnalist Goçnazar Heşdekowyň “Akýap rowaýaty” ady bilen makalasy çap edilipdir.

AKÝAP ROWAÝATY

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda dünýä inen Altymyrat Orazdurdyýew Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünliklerine saldamly goşant goşan we Türkmenistanyň adyny bütin äleme dolduran sport ussadydyr.

Altymyrat Orazdurdyýew köp çagaly maşgalada önüp ösdi. Çagalyk döwründe oba durmuşyndaky ekin-dikin-mal-gara bilen gümra bolupdyr. Onuň deň-duşlaryndan tapawutlandyrýan tarapy agyrlyk daşlary götermäge höwesi bolupdyr. Ol agalary Bäşim we Orazberdi ýaly sportuň bu görnüşi yhlas siňdiripdir.

«Altymyrat ilki türgenleşjek diýip gelende men ony yzyna ugratdym. Agram-a bir ýeňildi, müçesem kiçidi. «Jigim, sen sport adamy däl» diýdim şonda men oňa. Sporta, onda-da, agyr atletika daýawrak oglanlary saýlamak kem däldi. Ýöne şol gezek men ýalňyşan ekenim» diýip, Orazberdi Orazdurdyýew häli-häzirem ýatlaýar.

Altymyrat muňa garamazdan agyr atletikaçy bolmak hyýalyndan el çekmedi. 1981-nji ýylda 5-nji synpda okaýan Altymyrat türgenleşige başlap, ilki etrap, welaýat ýaryşlarynda üstünlik gazanyp, 1983-nji ýylda Aşgabada gelýär. 1986-njy ýylda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ussatlyk ýoluna düşen A.Orazdurdyýew 1988-nji ýylda öňki soýuzyň ýaşlarynyň arasynda çempion boldy. Ýaş türgeniň yhlasy, tejribeli tälimçi B.Abramýanyň ýolbaşçylygyndaky täze derejelere çykdy. Ýaşlaryň arasynda dünýä we Ýewropa çempiony bolan Altymyrat 1989-njy — 1993-nji ýyllar aralygynda üç gezek Ýewropanyň, şonça gezegem dünýäniň çempiony boldy. Onuň 1993-nji ýylda Melburnda (Awstraliýa) gazanan üstünligi has-da buýsandyryjydy. Çünki şonda Altymyrat Garaşsyz Watanymyzyň adyndan çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatdy. Şeýle-de ol 1992-nji ýylyň Barselona Olimpiadasy bilen bagly wakalaryň näderejede akyla-oýa sygyp biljekdigini-bilmejekdigini, 76 kg agram derejesinde Ýer ýüzüniň iň güýçli agyr atletikaçysydygyny bütin dünýä görkezdi.

«Öwrenýäler, öwrenýäsem, nähili gelýär, nähili egilýär, nähili göterýär. Şolaryň hemmesine üns berilýär. Ýöne onuň görkezen netijesini gaýtalamak welin, häli-häzire çenli başardanok…» diýip, tejribeli tälimçi Ikram Matkarimow ýatlaýar. Altymyrat bilen ençe ýaryşlara gatnaşan Ikram Matkarimow onuň sahylygyny şeýle beýan edýär: «Her bir adam üçin ýüregem, gapysam, elem açykdyr. Bir zat sorasaň, müşgili bolmaz. Mysal üçin, jübüsinde 10 manat bolsa, şonuň sekizisi seňkidir».

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle