Altaý: «Topar nähili karara gelse, men berjaý etmäge taýýar»

 Angliýanyň Premýer ligasynyň käbir wekilleriniň gyzyklanmasyny özüne çeken «Fenerbahçeniň» derwezeçisi Altaý Baýyndyr topardaky geljegi barada şeýle diýdi:

― Men «Fenerbahçeniň» oýunçysy. Toparyň girdejisine, ýolbaşçymyzyň pikirlerine görä hereket etmäge hemişe taýýardyryn.

Ýaş derwezeçi bilen Angliýanyň «Şeffild Ýunaýted», «Tottenhem» toparlary gyzyklanýar.

Ýakynda «Tivibuspor»-a interwýu beren derwezeçi «Galatasaraýly» kärdeşi Fernando Muslera we öz geljegi baradaky pikirlerini beýan etdi. Şeýle hem žurnalistleriň «Fenerbahçeniň» häzirki ýagdaýy barada beren sowalyna: «Futbolda iň esasy şert ünsi jemlemek. Ýeňiş gazanyp, 3 utuk gazananymyzda, hemmeler bilen bir hatarda meniň hem paýym bolýar. Üstünlikli geçen duşuşyklardan soňra biri-birimizi gutlaýarys» diýip, jogap berdi.

«Engin Ipekoglu, Rüştü Reçber, Wolkan Demirel ýaly «Fenerbahçeniň» ady rowaýata öwrülen wekillerinden soňra, derwezäniň maňa ynanylmagy, meniň üçin belent mertebe. Maksadym ― hemişe ýokary derejede oýnamak. Häzir özümi şol derejä ýakyn diýip hasaplaýaryn. Geljegim hakynda ýolbaşçylarymyz nähili karara gelseler, maňa şol karar bilen ylalaşmak galýar».