TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýylda dünýä çempiony bolan Habi Alonso Germaniýanyň “Baýer” toparynyň tälimçiligine bellendi. Bu barada nemes toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Habar berlişine görä, nemes topary häzirki tälimçisi Herardo Seoane bilen baglaşylan şertnamany ýatyrdy. Täze bellenen Alonso bilen 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy.

Habi Alonso futbolçy hökmünde Ispaniýanyň “Real Sosýedad”, “Eýbar” we “Real Madrid”, Angliýanyň “Liwerpul” we Germaniýanyň “Bawariýa” toparlarynda çykyş etdi. Ol şol döwürde 2 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Ol ispaniýada, Germaniýada we Angliýada futbol oýnan döwründe birnäçe kuboklary gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 2010-njy ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy.

Ol tälimi hökmünde “Real Madrid” toparynyň ýaşlar toparyna hem-de “Real Sosýedad” toparynyň ätiýaçdaky toparyna talim berdi.

“Baýer” topary Germaniýanyň çempionatynda şowsuz ykyş edip, 17-nji orunda barýar. Bu toparda eýranly futbolçy Serdar Azmun hem çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle