TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Alma agajy hakynda hekaýat

Bir zamanlar bir ullakan alma agajy bar eken. bir oglanjyk günde onuň ýanyna gelip üstüne dyrmaşyp, almalaryny, iýip şahalaryndan aslyşyp, saýasynda ýatyp oýnaýan eken, ol agajy gowy görýän eken. Olar dost bolupdyrlar. Oglan ulalypdyr. Bir gün ol agajyň ýanyna gelende agaç oňa “gel, meniň şahalarymdan aslyş, oýnaly” diýipdir. Oglan oňa “men indi ulaldym, aladalarym kän, ýaşamaly, pul gazanmaly” diýipdir. agaç oňa “gel, meniň almalarymy ýygyp al, olary satyp gerek zatlaryňy al” diýipdir. Oglan onuň almalaryny ýygyp alyp gidipdir-de yzyna gelmändir.

Birnäçe ýyldan soň  oglan dolanypdyr we alma ýüzlenip özüniň jaý gurmalydygyny aýdypdyr. Alma oňa şahalaryny beripdir. Oglan şondan soň ýene görünmändir. Ýöne, alma şonda-da ony ozalkysy ýaly gowy görüpdir we garaşypdyr. Bir gün ol garransoň gelipdir. Agaja özüniň şu durmuşdan, maşgala meselelerinden ýadandygyny, uzak ýerlere gidesiniň gelýändigini aýdypdyr. Agaç oňa “meniň galan bölegimi al, özüňe gaýyk ýasan, deňiz bilen başga ýerlere git” diýipdir. Adam onuň galan düýbünem alyp gaýyk edinip, uzaklara gidipdir. agaç ýene ýeke özi gussa batyp galypdyr.

Birnäçe ýyldan soň ol adam ýene gelipdir. Agaç oňa “gynansamam indi saňa bermäge indi hiç zadym galmady, iýmäge alma-da, çykmaga şahalarymam ýok” diýipdir. Adam oňa “indi meniň alma iýmäge dişimem, şahalara çykmaga ýagdaýymam ýok, maňa hiç zat gerek däl, men ýadadym, diňe dem alsam boldy” diýipdir. Agaç oňa “gel onda, meniň töňňämiň üstünde otur” diýipdir. Adam oturypdyr we agaç begenjinden ýylgyrypdyr, sebäbi onuň dosty indi hiç ýere gitjek däldi.

Bu agaç- ata-enedir. Olar çagalaryny bagtly etjek bolup hemme zadyny berýärler, çagalar bolsa köplenç olaryň gadyryny bilenok, haçan-da bilenlerinde bolsa, köplenç giç bolýar.

Maral  NAZAROWA,

                                                    S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk  uniwersitetiniň mugallymy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle