JEMGYÝET

“Alibaba”-ny esaslandyryjy Jek Manyň üstünlik ýoly…

Jek Ma ( Ma Young) – 1964-nji ýylyň 10-njy sentýabr aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Hangzhou şäherinde dünýä indi. Hytaýyň biznes magnaty ,maýa goýujy we haýyr-sahawatçy bolan Jek Ma “Alibaba.com”-yň esaslandyryjysy bolup açyk we bazara esaslanýan ykdysadyýetiň güýçli tarapdarydyr.

Häzirki wagtda elektron söwdasynyň meşhur we ägirtleriniň biri hasaplanýan “Alibaba” toparyny esaslandyran hytaýly Jek Manyň kompaniýanyň şu günki  derejä aňsatlyk bilen ýetip bolmajakdygy bir hakykat. Şeýle hem bu derejä ýetmek üçin barýan ýol has hem görelde alnarlyk ýollaryň biri.

Birnäçe gezek şowsuzlyga uçran, ýöne synanyşmagy hiç wagt bes etmedik we aňsatlyk bilen ýüz öwürmeýän bu adamyň durmuş hekaýasy, şowsuzlyklaryny kabul etmäge taýyn we islegleriniň netijesini almaýan adamlar üçin uly itergi çeşmesi bolup biler.

Ine-de, hakyky ady Ma Young bolan Jak Manyň üstünlik ýoly…

Ma Young  iňlis dilini gaty köp öwrenmek isleýänligi sebäpli, 9 ýaşyndan başlap,  her gün irden sagat 5-de turup, welosipedi bilen  köp sanly syýahatçylaryň bolýan şäher merkezindäki myhmanhana barýardy we gezelenje gelen daşary ýurt syýahatçylaryndan pul talap etmän, olardan iňlisçe öwrenmek üçin şäher merkezlerine aýlaýardy, şeýlelik bilen iňlis dilini öwrenýärdi we kämilleşdirýärdi. Iňlis dilini kämilleşdirmek üçin bu işi 9 ýyl mugt ýerine ýetirdi. Şeýle hem  ol ýerde duşan syýahatçylara onuň adyny aýtmak kyn bolanlygy sebäpli oňa Jek lakamyny dakdylar.

Mekdebi başlamagy ýüregine düwdi, ýöne başlangyç synpda-da  orta mekdepde-de we uniwersitetiň giriş synagynda-da  üstünlik gazanyp bilmedi. Hat-da Garward uniwersitetine 10 gezek synag tabşyrdy we 10 gezek hem  synaglardan ýykyldy. Başlangyç mekdep synaglaryndan iki gezek we orta mekdep synaglaryndan üç gezek üstünlik gazanyp bilmedik Jek Ma üçünji synanyşygynda uniwersitete girmegi başardy. Doglan ýeri bolan Hangzhou şäherindäki bir kolležde iňlis dilini mugallymçylyk fakultetine girmegi başardy, emma ol giren uniwersiteti hem öz şäherindäki iň pes uniwersitetleriň biri hasaplanýar diýip aýtýar.

Okuw  durmuşynda köp şowsuzlyklary başdan geçiren Ma iş durmuşynda-da okuwyndan kän bir üýtgeşik ýeri ýokdy.. Ol ýüz tutan takmynan 30 işinden hem hoş habar alyp bilmedi.

“Polisiýa işgäri bolmak üçin ýüz tutdum, ýüz tutanlaryň 5-den 4-si alyndy, meni kabul etmediler. KFC Hytaý bazaryna girende 25 adam iş üçin ýüz tutdy, 24 adam alyndy we men alynmadyk ýeke-täk adamdym.” diýip Jak Ma aýdýar.

Kolležden soň, orta mekdepde tanşan gyzyna dostuna öýlendi we mugallym bolup işe başlady. 1995-nji ýylda terjime etmek üçin ABŞ-a gitdi we internet bilen tanyşdy. Ony dosty, internet bilen tanyşdyrdy. Ilki başda internetiň nämedigine doly düşünmedi. Ilkibaşda iňlis dilinden terjime boýunça web sahypasy açdy, üstünlik gazanyp bilmedi, ýöne bu işde öňe gitmek kararyna geldi.

1999-njy ýylda Hytaýa gaýdyp geldi  we 17 dosty bilen “Alibaba.com”-y esaslandyrdy.Ilki amerikaly maýadarlaryň köpüsi: “Bu adam däli, bu iş ýöremez” diýdiler. 100 müň dollar maýa  bilen  esaslandyran “Alibaba” kompaniýasy  soň “SoftBank” we “Goldman Sachs” ýaly kompaniýalardan maýa goýumlaryny alandygyny aýtdy.Ilki bilen “Alibaba”-da töleg ulgamy ýokdy. Diňe önümleriň sanawy görkezilýärdi. Şondan soň Jek Ma “Ali Pay” elektron töleg ulgamyny döretmegi bilen elektron söwda ulgamy işläp başlady. Bu ulgama ilki başda ynanmazçylyk bildirilip, gaty akmakça teswirler berildi, hiç kim ynanmady, emma häzirki wagtda bolsa 800 milliondan gowrak ulanyjysynyň bardygyny görýäris.

Jek Ma has hem uly depginler bilen ösmäge başlady, hiç durasy gelenokdy we durmady.  2003-nji ýylda bäsdeşi “eBay”-a garşy “TaoBao” söwda sahypasyny açdy.Kompaniýanyň çalt ösmegi “eBay”-yň ünsüni özüne çekdi we “eBay”  Jek Ma kompaniýany özüne satmaklygy teklip etdi, emma Jek Ma muny ret etdi.

“Alibaba”-ny 24,000 işgäri we 10 000-den gowrak hyzmatdaş kompaniýasy bilen elektron söwda ägirdi eden Jek Ma 2013-nji ýylda baş direktory wezipesinden çekildi we öz ýerine  ýaşlary geçirendigini  habar berdi. Şondan soň öz kompaniýasynda dolandyryjylar geňeşiniň başlygy hökmünde işlemegini dowam etdirýän Ma, daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşýän “Tebigaty goramak” guramasynyň Hytaýda direktorlar geňeşiniň başlygy boldy.

Jek Ma göreşden ýüz öwürmeýän göreldeli şahsyýeti bolmak bilen telekeçi bolmak isleýänler üçin ideal görelde hökmünde millionlaryň haýranlygyny gazanýar.Ýaramaz päsgelçilikler öňüňizden çykmagy mümkin, şol sebäpler bilen işiňiziň çökmegi mümkin, ýöne başgada täze ýollaryň barlygyny unutmaly däldiris.Iş ýoluňyzdan barýan wagtyňyz birnäçe päsgelçiliklerden sebäplerden ýadap, ýa bolmasa işi taşlajak bolan wagtyňyz, häzirki wagtda ýyllyk 300 milliard dollar girdeji alýan Jak Manyň bu üstünlige ýetmek üçin geçen päsgelçiliklerini ýadyňyza salyň, pes etmäň, göreşiň!

“Hiç haçan ýüz öwürmäň. Bu gün kyn bolar, ertir ýene-de kyn bolar, ýöne ertirden soň Günüň dogşuny görersiňiz”                                                                                                                                        Jak Ma.

 

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň ilçihanasynda bolup, gynanjyny bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy

“Liwerpul” täze tälimçisini yglan etdi