SIZDEN GELENLER

Alçy gopan aşyk (oýlanma)

Aslynda Azatjygyň ýeke-täk hem-de ilkinji ganat baglan arzuwy daýysyna meňzemekdi. Ata-babalarymyzyň ”It ata-är daýa” diýenleri jüp ýerine düşüpdi. Azatjygyň diňe bir ýüregindäki ganat baglan arzuwlary däl, ýüz keşbi, deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanýan çalasyn häsiýetleri, bir işe başlasa soňlamany söýmesi, iň esasy-da sözüne wepaly bolup, sözünde durup bilmesi hem edil daýysydy.

Daýysynyň ýeke-täk ýegeni bolmak bilen ol çagalykdan hut öz daýysy ýaly, Watan goragçysy bolmagy arzuwlap başlapdy. Azatjygyň kakasy Arslanyň we ejesi Merjeniň ogullaryny ýeke galan wagtlary çagalar bilen oýnamagyň ýerine, has köp daýysyna meňzemek arzuwlary bilen bagly bolan nyzam emellerini özüçe ýerine ýetirmegi aýratyn buýsandyrýardy. Onuň her wagt kimdir birileri tarapyndan ulalanda kim bolmak isleýändigi soralanda:

– ‘’Daýym boljak! Harby boljak!’’ diýip, gaty sesi bilen ynamly gygyrmasy onuň ýeke-täk we gutarnykly jogabydy. Atasy Eziz aganyň we enesi Dünýä enäniň agtyklaryna guwanyp, ony söýme kemleri galmaýardy. Azatjygyň oýnawaçlarynyň içinden has köp saýlap oýnaýanlary harby awtoulaglaryň, dikuçarlaryň ýa-da  ýelimden ýasalan dürli ýaraglaryň görnüşleridi. Şonuň üçin Azatjyga sowgat hökmünde ýakynlary tarapyndan köplenç harby awtoulaglardyr, dikuçarlaryň kiçeldilen dürli görnüşleri satyn alynardy. Azatjyk hat-da harby oýnawaçlarynyň kim tarapyndan sowgat berlenini soranlarynda hem ýalňyşsyz aýdyp bilerdi. Olara has aýawly seredip, hiç kime bermezlige çalşardy.

Eger haýsydyr bir gün goňşylarynyň ýa-da dogan garyndaşlarynyň çagalary öýe geläýse, beýleki oýnawaçlary ýatdan çykarda, dessine harby oýnawaçlaryny gizlemäge çalyşardy.

Ine-de aý-aýlanyp günler geçip dur. Azatjyk birinji synpa başlady. Onuň ilkinji günlerinden başlap,ýakynlary tarapyndan gerekli kömegiň edilip durulmagy, okuw sapaklaryna bolan ýetişikligi gyzyklanyp durulmagy,onuň okuw sapaklaryna bolan ünsüniň ýokarlanmagyna getiripdi. Her wagt daýylaryna gelen wagty, onuň surat albomyny dowamly geçirip, daýysynyň harby talyplyk ýyllarynda talyp ýoldaşlary bilen dabaraly ýörüşde düşen foto suratlaryny irginsiz arzuw içinde görmegi az bolmandy.

Günlerde bir gün daýy-ýegen ikisiniň söhbete başlamagy daýysyny geň galdyrypdy. Çünki harby bolmak, jan watanymyza, mähriban halkymyza ömür boýy hyzmat edip, onuň goragynda bolmak örän jogapkärli wezipedi. Şonuň üçin-de daýysy ýekeje ýegenjiginiň arzuwlary ýöne bir geçiji, çagalyk arzuwydyr öýderdi. Şol gün daýysy gyzyklanyp Azatjyga yüzlendi:

-Hany ýanyma gel,Azatjan.

-Aýdyber daýy,näme boldy?

-Hany sen yegenjigim aýt, sen hakykatdanda daýyňa meňzemek, harby bolmak isleýäňmi?

-Hawwa daýy,onda-da nähili! Entek men bir ulalaýyn.

-Hä…Ulaldyňam diýeli?

-Hany daýy sen ulalyp garryja bolýaňa?!

-Hawwa,Azatjan garryja-da boldum diýeli.

-Ana men şonda ähli adamlary, onsoňam senem gorajak!

Hany onda aýdýanlaryň çyn bolsa,gel ikimiz bile aşyk oýnaly. Eger-de seniň aşygyň alçy gopsa, sen hökman watan goragçysy bolarsyň! Azatjyk bolsa bu teklibe göýä ozaldan garaşýan ýaly ylgap baryp,aşykly torbajygyny alyp geldi. Daýy-ýegen aşyklary orta döküp, her haýsy birini alyp orta oklady. Al saňa gerek bolsa! Azatjanyň orta oklan aşygy alçy gopdy.

“Ura!!!Daýyjan, men aýtdyma saňa, men hökman harby bolaryn” diýip, ýerinden towsup turmagy, onuň hakykatdan-da harby bolmak isleýändiginiň, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş watançysydygynyň ýeterlik subutnamasydygyny aýdyň görkezýärdi. Daýysynyň aýratyn duýgy we begenç bilen gözüni ýaşdan dolduryp içinden:”Gorarsyň ýegenim, hökman gorarsyň, aşygy alçy gopan adam hökman öz maksadyna ýetermiş” diýip, Azatjygyň ýaňagyndan öpmeden başga çykalgasy galmandy.

Azatjyk 3-nji synpdan başlap,okuwdan daşary sport mekdebine gatnap ”Milli türkmen göreşi” boýunça tälim alyp, 7-nji synpa çenli dürli mekdepleriň, etraplaryň we welaýat arasynda baýrakly ýerlere eýe bolmagy hem başarypdy. Ine-de bir gün okuw sapak wagty mugallymlar tarapyndan:

-Harby mekdebe girmäge höwesliňiz barmy?-diýip, soranlarynda Azatjygyň pikirlenmän:

-“Men” diýip, ýerinden gygyryp turmagy hemmeleri haýrana goýupdy.Degişli mugallymlaryň Azatjygyň ene-atasy bilen gürrüňdeş bolanlaryndan soňra, harby mekdebe girmeklik üçin gerekli resminamalary taýýarlamaklygy aýtdylar. Gerekli resminamalar toplanyp, harby mekdebe tabşyrylandan soňra,giriş synaglarynyň wagty belli bolupdy. Azatjyk harby mekdebine girmek, harbylyga bolan ilkinji arzuwly ädimlerini ätmeklik üçin arman-ýadaman örän yhlasly okap, synaglara taýýarlanýardy. Hat-da,synagyň wagty belli bolandan,her gün ir säher bilen turup ylgaw we desgadaky maşyklaryny kadalar boýunça höwesli ýerine ýetirerdi.

Ine-de arzylanan wagt, synag güni gelip ýetdi. Azatjyk,dogrusy,az-kem tolgunman hem duranokdy. Kakasynyň Azatjyk bilen harby mekdebe girmeklik üçin  bellenilen synag alynýan ýere golaýlaşanlarynda, eýýäm daýysynyň ýegenine garaşyp duranyny görmegi Azatjygy özünde bolan ähli tolgunmalary zym-zyýat edipdi. Hasam begençden ýaňa özüne ynamlylyk duýgusyny beripdi. Azatjygyň awtoulaglaryndan düşüp, daýysyna golaýlaşan badyna daýysynyň:

-Ýeri goragçy synaglara taýýarmy? -diýende:

– “Hawwa,daýymjan hemmesine taýýar. Arkaýyn bolaýyň ählisinden üstünlik gazanaryn” -diyip ynamly aýtmasy daýysyny ynjaldyrypdy.

Giriş synaglary geçenden soňra agzybirlikde öýlerine gaýtdylar. Şol gün, dogrusy,bütin gije Azatjygyň gözüne ukysynyň gelmeýşi ýaly, daýysy hem rahat uklap bilmändi. Sebäbi,ýegeniniň harby bolmaklygyny azyndan ýegeniçe daýysy hem isleýärdi. Ine-de, daň atdy. Azatjygyň her kimden öňürti turup,el ýüzlerini ýuwup ertirligini edinmezden, kakasyna:

-Kaka!kakamjan,hany,synagymyň jogabyny bilmäge gitmäliňmi? diýenden:

-Hökman,oglum birazdan gideris, hany sen ertirligiňi edin!diýen sesi geldi.

Harby mekdebine baranlarynda, harby okuwçy bolmaklyga kimiň hukuk gazanandygyny bilmek üçin ähli dalaşgär okuwçylaryň maşgala agzalary garaşyp durdular. Azatjyk hem agzybir maşgalasy bilen sabyrsyzlyk içinde garaşyp otyrdy. Ine-de garaşylýan pursat gelip ýetdi.

“Ilki bilen ýokary ballary alan okuwçylarymyzyň at familiýalaryny aýdyp başlaýaryn” diýip, degişli mugallymlaryň biri ähli garaşyp oturanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ilkinji bolup mugallymyň:

“Ezizow Azat Arslanowiç!”diýmesi, Azatjygyň agzybir maşgalasyny diýseň bagtly etdi. Azatjyk bolsa gözlerini begenç gözýaşlaryndan dolduryp, ellerini giňden açyp, garaşyp duran daýysyna tarap ýüwürdi! Daýysy bolsa şu aşakdaky setirleri biygtyýar halda serine aýlandygyny duýman galdy:

Bagty gelen Azadyň

Alçy gopdy aşygy,

Çagalykdan sünnälän,

Hasyl boldy arzuwy!

 

Döwletgeldi Ilgediýew,

TGM-niň Harby institutynyň IV ýyl talyby

 

 

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti