SIZDEN GELENLER

«ALABAÝ»

Ýetmiş ýaşynyň toýundan bir hepde geçip geçmänkä, Çöli  agama agyr ýoň degdi. Ol ömrüni çölde, çopanlykda geçirensoň, süňňi sagat adamdy, sähel-mähel ýoňy biler-duýar ýaly däldi. Emma bu sapar welin, aňry bakmasa, bäri bakmady.

Men Çöli kakam sagalar diýip, umyt edýärin, ynanýaryn. Elim sypynsa-da, onuň ýanynda oturýaryn.

Çöli kakam öýüniň ortasynda ýorgan-düşekli ýatyrdy. Onuň dolmuş, birneme saralan meňzine seredeniňde, esli wagtdan bäri galman ýatanlygyna ynanar ýaly däldi. Şeýle-de bolsa, soňky iki günüň içinde ýygy-ýygydan essi aýylýardy, nämelerdir samraýardy. Hiç zat iýmeýärdi.

Meni iki gije çirim etmän çykamsoň, bu gijäň ukusy öz ugruna çekýärdi. Aýbogdaşymy gurup oturyşyma, maňlaýym ýere ýetip giden-de, gözüm açylýardy. Men dikräk oturyp gördüm. Bu gezek tas diňarkan gaýdypdym. Ahyry ýerimden turdum. Ýene-de mazam bolmady. Penjiräniň öňündäki üsti keçeli krowata çöküp, aýaklarymy sallap oturdym. Ýene uky basmarlap başlady. Men Çöli kakamyň birneme rahatlanandygyny görüp, daş çykdym.

Daňyň ýeri ýany suwy süýjän garpyzyň maňzy ýaly çalaryp başlapdyr.

Uludan bir palladym-da, töwerege ser saldym. Obany ikä bölüp agamyň öýüniň  ýeňsesinden geçýän ýola çykdym. Ýoluň boýundaky elektrik çyralary ony birgeňisi bezeýärdi. Oba parahat dem alýardy. Säheriň sergin howasynda uky derdim birneme ýeňledi. Ýoluň üstünde gezim edip ýörşüme, höwes bilen gerindim.

Edil şol mahal agamyň öýüniň taýak atym golaýyndaky goýun çalmarynyň içinde daňylgy Alabaýyň uwulda garyp üýrmesi meni tisgindirdi. Endamymdan garynja ýörän ýaly etdi. Men çalmara ýakynlaşdym. Alabaý maňa «geldiňmem» diýmedi. Öňküdenem zaryn uwlap, agamyň ýatan jaýyna tarap dyzady. Bilinden, boýnundan daňlan zynjyryň ýere gömlen ujuny tas sogrupdy. Emma gömi berk eken. Sogrulmady. Muňa gahar edip, it zynjyryň çem gelen ýerinden agyz saldy.

— Heý, heý, Alabaý, ýuwaş ýat! He-heýt, näme boldy, ä?! — diýip, men itiň bolşundan heder edip seslendim.

Alabaý sesime sähel salym üşerilip durdy-da, ýene dyzamak bilen boldy.

— Alabaý, goý-aýt, goý! Dek  ýat! — diýip, ýaňadan has hemleliräk

seslendim. Haýbatym ite täsir etmedi. Çyňsady. Uwlady. Aýaklary

bilen ýer gazady. Öýe tarap dyzady. Soňabaka çalmaryň çöplerine-de

agyz saldy, zaryn sesi bolsa depe saçyňy üýşürýärdi.

Alabaýyň sesine oba itlerem ördi. Az salymyň içinde agamyň öýüniň töweregine ýat itleriňem geleni boldy.

— Be, muňa ne döw çaldyka? Eýgilik bolsun-da hernä! Janawaryň beýtmesi ýokdy-la. Agamy oýarmadyk bolsa-da biri — diýip, men öz-özüm bilen gepleşip, öýe girdim.

Çöli kakam oýanypdyr. Ol şöhlesi gaçan gözlerini tegeläp ýatyrdy. Meni gören badyna:

Suw! — diýdi.

— Ýyljak çaýam bar. Çöli kaka — diýip, men düýe ýüňünden dokalan, saçagyň ujy bilen basyrylgy çäýnekden bir käse çaý uzatdym.

Agam tirsegine galyp, çaýy içdi-de ýerinde ýatdy. Onuň bir salymdan soň: -Alabaýmy bu uwlaýan? — diýen sowaly ysgynsyz eşidildi.

Agamyň mejalsyz halyna hasam ýüregim gyýyldy. Itiniň sesinem ol, elbetde, tanaman soranokdy. Meni gepletjek, menden nämedir bir zat eşitjek bolýardy. Men itiň uwlamasyny nämä ýorjagymy bilmedim-de, agamy rahatlandyrmaga söz gözledim:

— Ajygaýypdyr öýdýän, janawar… Men ynha derrew ony ýallap geläýerin — diýip, saçaga el ýetirdim.

— Ýok, inim. Ol aç däldir — diýip, agam uludan demini aldy: Ol meni görjek bolýandyr, inim. Bar, boşadyp getir!

Men ör-gökden geldim:

— Oň ýanyna şuwagt barar ýaly däl Çöli kaka.

Agamyň sesi öňküdenem gamly çykdy:

— Gorkma, ol şu mahal hiç kime degmez. Boşadygy, meniň ýanyma ylgar.

Men ýerimden turdum. Gapyň agzyna ýetemde, säginjek ýaly etsem-de, ýene öňe ätledim. Barşym batly bolsa-da, çalmara ýetemsoň, badym gowşady. Çalmaryň daşyndan iti ýene birlaý synladym. Indi ol zeýrençli çyňsaýardy.

Men ýüregimi bire baglap, çalmaryň çöpden örülen gapysyny açdym. Muny gören it özüni daşaryk zyňdy. Men ol ýanyma ýetmänkä gaçyp ýetişdim. Gara der şaglap geldi. Aýaklarym saňňyl-saňňyl etdi. Ýöne itiň duşumdan geçenini görüp, özümi birneme dürsedim.

Alabaý çalmara girip-çykyp duransoň, onuň gömüsini sogurmagy ýüregime düwdüm. Çalmaryn çöpüniň üstünden aşyp, gapyň ters tarapyndan içine girdim. It mana üns hem berenokdy. Bu ýagdaý meni gowy özüme getirdi.

Gömini sogranymy duýan it zynjyryny süýräp, öýe tarap okduryldy. Emma ol birden säginip, yzyna gaňyrlyp bakdy. Onsoň hars urup geldi-de, ýalagyny agzyna gysdyryp, öýüň gapysyny öň aýaklary bilen açyp, içerik kürsäp girdi.

Men onuň yzyndan öýe girenimde, Boýnak eýýäm Çöli kakamyň ýanynda keçä geçip, art aýaklarynyň üstünde otyrdy. Özem birhili kellesini gyşardyp- gyşardyp, eýesine ses-sedasyz, ýiti-ýiti seredýärdi.

Men krowata geçip oturdum.

Alabaý, geldiňmi?! Näme beýle uwlaýan? Uwlama beýle, Alabaýym! Uwlama! Ikimiz azaply çölüň ajy aýazynda-da, jokrama jöwzasynda-da uwlan däldiris…

Çöli  agamyň sesi kesildi. Onuň ysgynsyz gözlerinde ýalpyldan ýaşy gördüm. Eýesiniň sesi Boýnagyň gulagyna ýakdy öýdýän. Ol öň aýaklaryny uzadyp, garysyny keçäň üstüne  taşlady-da, çalaja çyňsady. Çöli kakamyň eli onuň tüýlek, mähnet kellesini sypalady. It eýesine minnetdarlyk bildirýän ýaly, kellesiniň daşyndan aýlanýan eli gyzyl käşire meňzeş dili bilen ýalady. Soňra ýalagyna dilini salyp ölledi-de, eýesiniň dodaklaryna çaldy. Çöli  kakam tagam bilmeýän ýaly, dodaklaryndaky çyga ýüzüni çytmady.Itine «beýtme-de» diýmedi. It bu hereketini birnäçe sapar gaýtalady. Çöli kakam bolsa itiniň bolşuny onuň mähribanlygy diýip, düşündi. Ýöne  Alabaýyň çalaja çyňsamasy welin galmady. Bularyň boluşlary edil biri-birini ýitirip tapan ýalydy.

Çöli kakamyň gitdigiçe tolgunyp, reňki üýtgäp barýan keşbi meniň seslenmegime sebäp boldy:

— Çöli kaka, muny indi äkidäýeýin? Günem dogdy. Ynha, hä diýmän, lukmanam geler. It olary gorkuzaýmasyn. Onsoňam, sorabam gelip durlar.

Çöli kakam, näme üçindir, maňa däl-de itiň gözlerine dykanlap seretdi.

— Bolýa-da. Äkidäý äkitseň… — diýdi.

Men zynjyryň beýleki ujundan tutyp, iti usullyk bilen daşaryk çekdim. Bu hereketim Alabaýa ýaramady. Ol maňa bakman, gaharly hyňrandy. Men ýene çekdim. It bu sapar öňküdenem beter hyýyrsyz hyňrandy. Meni gözleri bilen iýjek boldy. Çöli  kakama göz aýladym. Agam meniň halyma derrew düşündi öýdýän. Ol ýassykdan başyny galdyryp seslendi:

Bar, Alabaýym, bar, ýat! Gaharlanma! Gaýgy etme! Entek ikimiz çöli kän sökeris.., wepadar ýoldaşym…

Alabaý ýene çyňsady. Emma eýesiniň töwellasyna düşünen ýaly, haýallyk bilen gobsundy, ýalagyny alman ýerinden galdy. Gapa baryp, eýesine ýene bir öwrülip seretdi.

— Bar, Alabaýym, bar!..

— Soň çalaja çyňsady-da, meniň yzyma düşmek bilen boldy. Alabaýy  çalmara   salyp, zynjyryň ujuny söýegleriň ýogynragyna dakdym. Ýalagyny getirip ýanynda goýdum. Çalmaryň agzyny berk ýapdym. Gün dogupdyr, oba kemsiz örüpdir. Guş-gumrylar öz dillerinde täze güne salam berýärler. Ýabyň boýunda säheriň salkyn howasyndan dem alyp, asuda obamyza syn etdim. Şol mahal öz öýümizden çykan aýalym ýanyma geldi.

Neneň, gaýynagam ýatyp bildimi? — diýip, ol ýuwaşja sorady

— Aý sähelsalym irkildi. Şol bir bolşy. Iti bilen gijesini geçirdi. Ikimizem öýe girdik.

Gözi açyk hem bolsa, Çöli kakam aýalymyň başyny atyp, beren salamyna birbada jogap bermedi. Dowamly üsgürdi, ardyndy. Ahyry ýuwaşjadan gepledi:         — Saglykmysyň gelin?.. Aman-sag ördüňizmi? Howa-da gowy öýdýän bu gün.. Ýene üsgürdi. Üsgülewigi  kesilensoň, maňa ýüzlendi: — Neme… inim, gelnim, Alabaýyň göwnüne degmäň. Ynjytmaň Boýnagy! Ol maňa uzak wagtlap, wepadarlyk bilen hyzmat etdi… Hazirem janawar bir zatlary duýýar… Goý, ol islän hereketini meniň bilen etsin. Oňa ýol beriň.

— Ýokla, ýokla Çöli  kaka! Itiňi ynjydasymyz ýok… Senem ynha, hä diýmän, gutularsyň. Ýüzüň-gözüň tüweleme, oňat ahyry — diýip, men ýaşulyma göwünlik berdim.

Ol sesini çykarmady.

Alabaý şol öňki hereketini gaýtalamak bilen boldy. Ýedi günden soň Alabaýyň şol hereketleri Çöli  agamy kuwwatlandyrdy. Soňabaka ony aýaga galdyrdy. Çöli agam bir aýlap Alabaýyň ýalagyndan bir-iki owurt içip sagaldy. Biz üç aýlap agamyň saglygyna seretdik. Onsoň ol şeýle diýdi:

— Indi, inim, men çopanlaryň ýanyna aýlanyp geleýin. Alabaýam çöli halys küýsäne  meňzeýär.

Men agam bilen ylalaşdym.

Orazberdi AREKOW.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti