TEHNOLOGIÝA

“Akylly” kir ýuwujy maşyn

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyň hojalyk harytlaryny öndürýän “Mijia” firmasy “Internet Washing Machine and Dryer 1C” atly ses bilen dolandyryp bolýan kir ýuwujy maşyny hödürledi. Sesden başga-da, bu enjamy ýörite programma bilen smartfon arkaly hem uzakdan dolandyrylmak bolar.

«Xiaomi» kir ýuwujy maşynynda 22 sany kir ýuwmak görnüşi bar. Uzakdan dolandyrmak üçin kir ýuwýan maşyna Wi-Fi moduly gurulýar we ses arkaly dolandyrmak üçin “XiaoAI” wirtual kömekçi ýardam edýär.

Kir ýuwujy maşyn 10 kilogramlyk bolup, onuň depreginiň aýlanyş tizligi minutda 1400 aýlawa deňdir. Bu täze tehnologik enjam 9-njy aprelde satuwa çykarylar. Onuň bahasy 2099 ýuan bolar.

Ýene-de okaň

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar

“iPhone” modelleri üçin mugt sport programmasy

Ata Watan Eserleri

Emeli intellekt boýunça ministrligi bolan ýeke-täk ýurt