BIZNES

Akylly gaz toruny dolandyrmakda emeli intellekt mümkinçilikleri ulanylar

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) bilen “Esyasoft Holding” we “Presight” kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasy bolan “IntelliGrid” (BAE) kompanivasy ähli hyzmat ediş çäginde ultra-döwrebap akylly gaz toruny dolandyrmak ulgamyny ornaşdyrmak barada şertnama baglaşdy.

Degişli ylalaşyga Bakuwda başlanan “COP29” howa  maslahatynyň çäginde gol çekilendigi habar berilýär.

Gol çekişlik dabarasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri, “SOCAR” kompaniýasynyň Gözegçilik Geňeşiniň başlygy Mikail Jabbarow  hem gatnaşdy.

Resminamalara SOCAR-yň başlygy Röwşan Najaf we “IntelliGrid” kompaniýasynyň baş direktory Bipin Çandra gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “IntelliGrid” kompaniýasynyň emeli intellekt mümkinçilikleri maglumat seljerişini, çaklaýyş hyzmatyny we hakyky wagtda gözegçiligi alyp barmak üçin ulanylar. Bu gaz sarp edilişini optimallaşdyrar, ýitgileri azaldar we umumy iş netijeliligini ýokarlandyrar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy

Ýaş telekeçiler üçin niýetlenen maksatnama

Tramp emeli intellekt we kripto pul birligi boýunça ýolbaşçy bellär