TESWIRLER

Akpamygyň Bitarap Hereketleri we Özbaşdak Edýän Aladalary

Bilnişi ýaly, ertekiler halkyň öz döreden eserleriniň bir görnüşidir. Başgaça aýdylanda, ertekiler halkyň milli düşünjesiniň we dünýägaraýşynyň miwesidir. Beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmenler hem özleriniň döreýiş taryhyndan bäri ençeme ertekileri döredip, olary edebi we milli miras hökmünde nesilden nesle geçirip gelipdirler.

“Akpamyk” diýen halk ertekisiniň baş gahrymany asylly türkmen gyzydyr. Muny türkmenleriň bilmeýäni ýokdur diýsem, öte geçdigim bolmaz. Sada, ugurtapyjy, akylly türkmen gyzynyň özbaşdak alan kararyny bitaraplygyň taryhyna degişli çeper nusga hökmünde görkezmek bolar diýip düşünýärin.

Gürrüňi gozgalýan çeper nusganyň esasynda ençeme ýyllap habar alynmaýan, aw awlamak üçin öýden gidip, köp wagtdan bäri yzyna gaýdyp gelmedik ýedi sany süýtdeş oglan doganlarynyň gözlegine çykmak meselesi ýatýar. Bu mesele türkmen gyzynyň ýeke özi üçin ýeňil-ýelpaý mesele däldir.

Türkmenlerde maşgalanyň başy erkek, onuň kömekçisi bolsa aýalydyr. Emma olar garrap, ýaşy birçene baran adamlar. Şonuň üçin maşgala bilen baglanyşykly meseläni Akpamyk öz üstüne almaly bolýar.

Eseriň baş gahrymany Akpamygyň bitarap hereketleri we özbaşdak edýän aladalary dogrusyndaky düşünjeleri boýunça geçiren gözegçiliklerimiz şeýle netijeleri görkezdi:

1.Akpamygyň esasy aladalarynyň biri maşgalanyň bütewiligini gorap saklamakdyr.

2.Bu maksada gulluk edýän ýaş Akpamyk maşgalanyň esasy sütünleri bolan ýaşy ulanyşan we tapdan düşen ata-enesiniň jogapkärçiligini öz boynuna alýar.

3.Maşgalanyň bütewiligini berjaý etmek üçin doganlarynyň gözlegine çykmagy maksat edinýär.

  1. Ýeňil bolmadyk bu gözleg uzak ýola çykmaklygy talap edýär. Ugur tapyjylygy bilen agalaryna gowuşýar.

5.Kynçylyklardan doly ençeme wakalary başdan geçiren türkmen gyzy maksada bolan okgunlylygy bilen hereketini hiç gowşatmaýar.

6.Yhlasy, düşünjesi, gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi bilen maksadyna ýetýär.

Ýene-de okaň

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady

Hasaply dost uzaga gider

Ata Watan Eserleri

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Ata Watan Eserleri

Çaga Robot Däldir

Ata Watan Eserleri

Arkalaşan dag aşar : Ot almaga gelen ýaly

Ata Watan Eserleri

Dünýä deňelen düýäm

Ata Watan Eserleri