TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Ak şäherim Aşgabat» atly konsert

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mejlisler zalynda paýtagtymyzyň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly şygar bilen konsert geçirildi. Konsertde okuw jaýynyň ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy Şemşat Amannepesowa öz şägirtleri, okuwçylary bilen çykyş etdi.

Konsertde dünýä belli türkmen hem-de daşary ýurt nusgawy estrada we jazz kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Şemşat Amannepesowyň döreden «Arkadag şäheri» atly fortepiano eseri onuň şägirdi Aýnur Geldimyradowanyň ýerine ýetirmeginde ilkinji gezek diňlenildi. Bu saz eseri diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýaş sazandalaryň döreden sazlary hem olaryň özleriniň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.

Konsertiň esasy aýratynlygy bolsa onda dürli mekdeplerden gelen dürli ýaşdaky okuwçylaryň we talyplaryň çykyş etmegidir. Olaryň ählisi hem Şemşat mugallymyň halypalyk etmeginde saz sungatynyň, fortepiano çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýärler. Olaryň hatarynda  paýtagtymyzdaky dürli mekdeplerden gelen okuwçylar Jeren Aganyýazowanyň, Abdyjelil Myradowyň, Medine Gylyjowanyň, Aýşa we Abdykerim Baýramalyýewleriň, Leýli Gurdowanyň, Omar Begmyradowyň, Leýli Muhammedowanyň, Näzik Jumaýewanyň, Toýly Muhammedowyň atlaryny agzamak bolar. Bularyň iň körpesi – Medine Gylyjowa 6 ýaşynda bolup, 10 sany saz eserini ýerine ýetirdi we bäsleşik görnüşinde geçen konsertiň ýeňijisi boldy.

Konsertde Gahryman Arkadagymyzyň «Bagt nury», «Jan Watan Türkmenistan» sazlary, meşhur daşary ýurt kinofilmleriniň, şeýle-de «Şükür bagşy», «Meleguş» türkmen filmleriniň sazlaryndan bölekler; german, italýan, amerikan, rus, fransuz, türkmen kompozitorlarynyň saz eserleri fortepianoda ýekelikde we duet görnüşinde ýerine ýetirildi.

Baýramçylyk konsertinde ýaňlanan saz eserleri diňleýjiler tarapyndan baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi.

 

 

Ýene-de okaň

Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Türkmenistanda türki döwletleriň medeniýet hepdeligi geçiriler

Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-4-nji iýun aralygy

Teswirle