Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde pagta meýdanlarynda bol hasyly kemala getirmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda pagtaçy kärendeçileri gowaçaly meýdanlara edilýän ideg işlerini ýokary guramaçylykly ýola goýýarlar.
2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda bellenişi ýaly, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymy ýetip geldi.Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululardan ýygymy “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.
Ak hanalardan beýik, bereketli harmanlary döretmegi başarýan zähmetsöýer kärendeçi daýhanlarymyz pagtany «ak altyna» deňäp, ony «ak altynym — ak bagtym» diýip, hormatlaýarlar. Pagta ýygymy barada gürrüň edilende, esasy çig mal bolup durýan ýurdumyzyň dokma senagaty barada gürrüň etmek has-da ýakymly.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň baş baýlyklarynyň biri bolan «ak altyny», ýagny pagta süýümini gaýtadan işlemek 3 göterimden 51 göterime çenli ýokarlanmagy ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işiniň rowaçlyklara beslenýändigine şaýatlyk edýär. Häzir «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili ýokary hilli önümleri bilen türkmen dokmaçylarynyň dünýä bazarlarynda öz orunlaryny barha pugtalandyrýandygy has-da begendiriji ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň möçberleri-de ýylsaýyn artýar.
Şu ýerde pagta barada käbir gyzykly maglumatlara hem salgylanmak has ýerlikli bolar.
Pagta süýümi biziň eýýamymyzdan 3000 ýyldan hem öň Hindistanda belli bolupdyr. Häzirki wagtda Hindistan, Hytaý, ABŞ, Braziliýa, Özbegistan, Türkmenistan gymmatly çig mal bolan pagta öndürýän esasy döwletlerdir.
* * *
Pagtanyň süýümi şertli ýedi görnüşe bölünýär. Ilkinji üç görnüşi inçe süýümli gowaçadan, beýleki dört görnüşi orta süýümli gowaçadan alynýar.
* * *
Gowaça duza durnuklydyr, ýöne şorlaşan ýerlerden oňat hasyl almak üçin topraga ýuwuş suwuny bermeli bolýar.
Gowaçaly meýdanlarda bol hasyl ýetişdiren «ak altyn» ussatlarymyza: «Harmanlaryňyz bereketli bolsun, maksatlaryňyz myrat tapsyn!» diýesimiz gelýär.
Döwletýar Hojamämmedow, TOHU-nyň talyby.