TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ajun Ylyjaly täze toparynda ilkinji transferi amala aşyrýar

Türkiýäniň «Spor Toto 1-nji ligasynyň» wekili «Bursasporuň» ýakynda düzümden aýrylan kapitany Emirhan Aýdogan topar bilen hoşlaşjakdygyny aýtdy. 24 ýaşly futbolçynyň täze topary hökmünde ýakynda türkiýeli mediaişewür Ajun Ylyjaly tarapyndan satyn alnan «Hall Siti» (Angliýa) görkezilýär.

Soňky duşuşyklarda düzüme alynmadyk Emirhanyň «Bursaspordan» näme sebäbe görä aýrylýandygy barada klub heniz maglumat bermedi. Futbolçynyň özi bolsa jemgyýetçilik torundaky şahsy hasabynda tolgundyryjy sözler bilen topara hoşallyk bildirdi. Topar bilen kyn günleri başdan geçirendigini ýazan futbolçy aýrylmak üçin wagtyň gelendigine ünsi çekdi.

«Hürriýet» gazetiniň ýazmagyna görä, Emirhan Aýdogan «Bursaspor» bilen hoşlaşyp, Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» toparyna geçip biler. Häzirki wagtda hiç bir toparyň agzasy bolmadyk 24 ýaşly futbolçynyň täze topary bilen ýakyn günlerde şertnama baglanyşmagyna garaşylýar.

Metbugat sahypalarynda Ajun Ylyjalynyň Emirhan Aýdogany «Hall Sitä» transfer etmek barada gepleşikleri geçirýändigi ýazyldy. «Bursasporuň» çagalar düzüminde hem oýnan Emirhanyň ýakyn günlerde iňlis toparynyň köýnekçesini geýmegine garaşylýar.

 

Dünýäniň iň baý boksçylary

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle