TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Airbus” “Goodyear Tire and Rubber” bilen ýörär

Belki, siz «Airbus» kompaniýasynyň «Airbus A321XLR» diýip atlandyryljak täze uçary öndürýändigi barada okansyňyz. Täze uçaryň 4700 deňiz milini geçip, täze rekordyň eýesi bolmagyna garaşylýandygyndan hem habaryňyz bardyr. Bu bolsa onuň ozalky «Airbuslardan» 15 göterim köp uçup biljekdigini görkezýär.

Täze uçaryň ýerdäki esasy diregi «Goodyear Tire & Rubber» kompaniýasy tarapyndan öndüriljek tekerler bolar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Metbugatda ýazylyşy ýaly, «Goodyear» kompaniýasynyň «Flight radial» awiasiýa tekerleri ýörite tehnologiýalar arkaly öndürilip, bu önümler şekiliniň durnukly saklanyp galmagy, ulanyş möhletiniň köpe çekmegi we kesiji zarbalara çydamlylygy bilen tapawutlanýan süýngüçden ýasalan berk guşaklyklary özünde jemleýär.

Ýeri gelende, «Goodyear»-iň teker önümçiliginde naýbaşy kompaniýalaryň biridigini aýtmak gerek. Onuň kärhanalary 21 döwlete, 47 nokada ýaýrandyr.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle