JEMGYÝET

Ahmyr

Serde senli setirleriň joşguny

Erk berenok ýüregime henizem.

Aý aňmadyk bir syr bolup galypdyr,

Duýulmadyk duýgulary “eziziň”.

 

Wagty geler, ýalňyşyňy düşündi:r,

Seni basym dolar ýyllar ýanyma.

Bil, ahmyrdan azap çeken mahalyň

Men gülerin. Ynan. Ýylgyrýanyma.

 

Düşünmersiň, belki düşünersiň hem,

Emma giç bor üýtgedere pursady.

Hyrçyň dişläp diliň bir söz gaýtalar:

“Ähli zady wahh, täzeden gursadym”.

 

Dursadyň wadaňda wepaň bolsady,

(Ygraryňa ygtykadyň ýok seniň)

Men hem sensiz ýaşamaryn öýderdim,

Ýaşaýan. Neneň?!

 

Gaýgyly dünýäge ýüz beren köňlüň,

Şonda saňa haýbat bilen käýiner.

Hem wagt geçip ýaşlygymyz ýatlansa,

Gözýaş bilen süpüriler äýnegiň.

Gözel Umarowa

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar

Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa bardy