TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ahmet Çalyk : TOP taslamasy dowam edýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji, Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Forum öz ähmiýeti boýunça diňe bir sebit derejeli däl-de, dünýä derejeli taryhy waka bolup durýar.

Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy halkara işewürlik hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmakda öňde boljak forumyň ähmiýetini nygtap, türk kompaniýalary üçin öz ösüşinde okgunly öňe gidişligi görkezýän hem-de sebit we ählumumy möçberde özgerişler maksatnamalary hem-de taslamalary öňe sürýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly hormatdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz ösüşinde dünýäniň iň soňky gazanan ylmy-tehniki pikirlerine we innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda örän möhüm milli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, durmuş ugry Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy bölegidir, ol halkyň abadançylygynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça 500 kilowolt güýjenmesi bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Gurluşyk işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem elektrik energiýasyny üstaşyr ibermäge mümkinçilik berer, bu ýurtlaryň hökümetleri taslamanyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de bu taslama bilen baglanyşykly ähli işleriň şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

 

Duşuşygyň ahyrynda bildirilen ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, işewür buýrujy tarapyndan bildirilýän ýokary talaplara eýeriljekdigini, geljekde hem türkmen Lideriniň öňe süren ähli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan suwuklandyrylan gaz eksport etdi

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen elektrik energiýasy boýunça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistan manat serişdelerine Russiýadan gurluşyk armaturasyny satyn aldy

Teswirle