TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Ähli zat özüňize bagly

Bu durmuşda adamy iň begendirýän zatlaryň biri, elbetde, üstünlik gazanmak bolsa gerek. Her kim öz başlan işinde üstünlik gazanmagy, maksadyna ýetmegi arzuw edýär. Kimdigiňize, näme iş bilen meşgullanýandygyňyza garamazdan, islendik ýerde özüňize ynanmak gerek. Başlan işiňiziň üstesinden geljekdigiňize, soňunda öz maksadyňyza ýetjekdigiňize ynanyň. Ynamyň ýok ýerinde üstünligem, öňe gidişligem bolmaz. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanynyň bölümleriniň atlarynyň “Ynam – güýç”, “Ynam – söýgi” we “Ynam – ganat” bolmagy hem ýönelige däl. “Döwlet guşy” romanynda şeýle setirler bar: “Ynam – ynsana güýç berip duran gudrat ahyry”. Ynam ähli zadyň başlangyjydyr. Elbetde, ilkibada özüňize ynanmak aňsat düşmez. Munuň üçin ýönekeý usullardan peýdalanyp bilersiňiz. Meselem “Men muny başararyn” ýaly jümläni öz içiňizden gaýtalaň. Sebäbi dünýä belli kino ýyldyzy, bodybilding boýunça dünýäniň ençeme çempiony Arnold Şwarsnegger hem ýaryşlara taýýarlyk görýän wagty yzygiderli türgenleşikler bilen bir hatarda özüni hemişe dünýä çempiony hökmünde göz öňüne getiripdir we gatnaşan ýaryşlarynyň aglabasynda hem çempion bolmagy başarypdyr. Ýerine ýetirýän işiňize baglylykda özüňizi elmydama maksadyna ýetýän, ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge ukyp-başarnykly kişi hökmünde görmek hem özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar.

Üstünlik gazanmagyň ýene bir wajyp şerti öz-özüňizi kämilleşdirmekdir. Ýagny köp okamakdyr. Okamak — bu öwrenmek. Ol adamyň gözýetimini giňeltmäge, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek edýän, sowatsyzlygy we şowsuzlyklary ýeňip geçýän ýeke-täk güýçdir. Okamak ynsana özüni tanamaga, töweregindäkiler bilen özara gatnaşygyny sazlamaga ýardam edýär. Kitap dünýäniň beýik ynsanlary bilen duşurýar, olaryň gazanan derejelerine ýetmegiň ýollaryny görkezýär. Okamaga ýaşlykdan endik etmeli. Kitap okaýan adam okadygyça kämilleşýär, entek öwrenmeli, akyl ýetirmeli zadynyň kändigine göz ýetirýär. Kitap okaýan adam özüni tanar, ýörejek ýoluny saýgarar, özgeleriň ýalňyşyndan netije çykarmagy öwrener hem-de haýsy ugurda üstünlik gazanjakdygyna göz ýetirer.

Dünýä meşhur şahslar hem yzygiderli öz-özüni kämilleşdiripdirler. Olar köp kitap okapdyrlar, dürli ylymlardan habarly bolupdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň atasy mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem okumyş adam bolandygyny, özüniň şahsy kitaphanasynyň bolup, köp kitaplary ýatdan bilendigini Gahryman Arkadagymyzyň ýazan atalyk kitaplaryndan bilýäris. Sebäbi kitap okamak, öz edýän işiňize degişli köp maglumaty bilmek siziň beýlekilerden ençeme ädim öňde bolmagyňyza ýardam eder. Magtymguly Pyragynyň “Janan bolarmy?” atly goşgusynda hem “Kitap gören gullar magnydan dokdur” diýen setirler bar. Üstünlige ýetenler dynç alýan wagtlarynda hem bir zatlar öwrenmegiň aladasynda bolup, kitap okaýandygyny unutmaň.

Tutanýerlilik üstünlige ýeten şahslaryň iň esasy aýratynlygydyr. Şowsuzlyga uçradym diýip, işiňizi taşlamaň. Şowsuzlygyň üstünlik prosesiniň bir bölegidigini unutmaň. Şowsuzlygy üstünlik hökmünde gören şahslaryň biri Tomas Edison. Ol elektrik lampasyny oýlap tapmak üçin müňden gowrak elementiň üstünde dürli synaglary geçiripdir. Eger ol başlan işini ýarym ýolda taşlan bolsa, belki biz bu wagt elektrik lampasyndan peýdalanyp bilmezdik. Şeýle tutanýerli şahslaryň ýene biri hem belli kino ýyldyzy Silwestr Stallone. Ol özüniň baş rolda oýnan meşhur kinosy “Rokkiniň” edebi esasyny ýazypdyr. Tanymal aktýor ençeme kino düşüriji kompaniýalara baryp, eli boş gaýtmaly bolupdyr. Hatda käbir kino goýujylar onuň edebi esasy boýunça kino düşürmegiň mümkin däldigini hem aýdypdyrlar. Emma ol ruhdan düşmändir. Ahyrsoňunda hem, onuň “Rokki” atly kinosy dünýä meşhur boldy. Dürli kynçylyklara garamazdan ýazmagyna dowam edip, ilkinji çapdan çykan “The Glass Floor” hekaýasyndan bary-ýogy 35 dollar gazanan Stefen King bu hekaýasy çapdan çykmazdan öň 60 ýerden “ýok” jogabyny alypdyr. Emma ýazmagyna dowam eden King häzirki wagtda dünýäde iň söýlüp okalýan ýazarlaryň biri. Durmuşyň kynçylyklaryndan gorkman ýykylan ýeriňizden ýene aýaga galyp, ýoluňyza dowam etmek sizi iru-giç üstünlige elter.

Wagtyňyzy rejeli peýdalanmak hem üstünlige barýan ýolda örän möhümdir. Dünýädäki ähli adamlara deň derejede 24 sagat berilýär. Bu berlen wagty her adam her dürli ulanýar. Käbir adamlar wagtyny netijeli ulansa, käbirleri bolsa wagtynyň esasy bölegini kompýuterde oýun oýnamak, telefona, telewizora güýmenmek bilen geçirýär. Elbetde tehnologiýanyň asyry bolan 21-nji asyrda tehnologiýadan peýdalanmazlyk mümkin däl. Ýöne şol tehnologiýanyň sizi ulanmagyna ýol bermän, ony öz zerurlyklaryňyz üçin ulanyň. Her gün berilýän şol 24 sagady nähili ulanýandygyňyz siziň üstünlige ýetip ýetmejegiňizi kesgitlär. Işinde üstünlik gazanan şahslar hiç haçan wagtyny bir sarpa ulanmaýar. Olar işlerini hemişe meýilleşdirip, haçan näme iş bilen meşgul boljagyny bilýärler. Şonuň üçin gündelik, her sagat berjaý edilmeli işleriňizi ýandepderçäniň ýa-da el telefonyň üsti bilen belläp, şol bellenen wagtda hem amal ediň.

Türkmenlerde “Çekseň zähmet, ýagar rähnet” diýlen nakylyň çuňňur manysy bar. Zähmet çekmek üstünlige eltýän ýollaryň biridir. Bu barada Tomas Edison: “Geniý – bu 1% ylham, 99% gara der diýmek” diýipdir. Ukyp-başarnygyňyz, mümkinçiligiňiz bolsa hem, ýeterlik zähmet çekmeýän bolsaňyz, islän derejäňize ýetip bilmersiňiz.

Şu ýerde kiçiräk kyssany gürrüň bermek isleýärin: “Özüniň gaýygy bilen derýanyň bu kenaryndan beýleki kenaryna adam gatnadyp güzeranyny dolaýan bir gaýykçy bolupdyr. Onuň kürekleriniň birinde “Ynam”, beýlekisinde “Zähmet” diýen ýazgylar bolupdyr. Ýolagçylar bu sözleri näme üçin ýazandygyny ondan soranlarynda, gaýykçy şeýle jogap beripdir:

— Derýadan geçmek üçin maňa iki sany kürek gerek. Diňe bir kürek bilen gaýygymyz duran ýerinde aýlanar durar. Barjak ýerimize baryp bilmeris. Zähmet çekmän ynanmak we ynanman zähmet çekmegiň hiç hili peýdasy ýok. Durmuşda hem şonuň ýaly, üstünlige ýetmek üçin hem ynanmak, hem zähmet çekmek zerur. Ýogsam, gaýyk ýaly duran ýerimizde durarys.”

Başlan işiňizi öz isleýşiňiz ýaly tamamlamak üstünlikdir. Şol işleriň, niýet-maksatlaryň dürlüdigine garamazdan, olara ýetmegiň şertleri birmeňzeşdir. Özüňize hemişe ynanyň, özüňizi dowamly kämilleşdiriň, şowsuzlyga uçranyňyzda, hiç haçan el çekmäň, tutanýerli boluň we elbetde, zähmet çekmegiň hem zerurdygyny unutmaň. Ähli zat özüňize bagly!

Sylap DURDYÝEW, Türkmenistanyň Serhet institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle