Müsür ýurda girmekde talap edilýän PSR test maglumatnamasyny ýa-da koronawirusa garşy sanjym alandygy hakyndaky sertifikaty bolmaklyk talabyny ýatyrdy. Indi mundan soň syýahatçylar Müsür döwletine girmek islänlerinde koronawirusa garşy sanjym alandygy hakyndaky sertifikat ýa-da PSR testlerini tabşyrmaklyk talap edilmeýär. Bu hakda metbugat gulluklary habar berýär.

Bu talaplary şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Gyrgyzystan Respublikasy iýun aýyndan başlap Gazagystan Respublikasy hem-de ABŞ (diňe howa ýoly arkaly girişde) syýahatçylar üçin ýatyrypdylar. 10-njy iýundan başlap bolsa Özbegistan Respublikasy hem ýurda girişde talap edilýän ähli çäklendirmeleri we koronawirus resminamalaryny ýatyrdy.

 

18-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama