SIZDEN GELENLER

Ahalteke bedewleri – türkmeniň uçar ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli buýsanjymyz bolan bedew atlar çuňňur alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň Arkadag şäherine ýakynda amala aşyran iş saparynyň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy ajaýyp gymmatlyga goýulýan belent sarpanyň nobatdaky nyşany boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly halkara guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Döwletimiz tarapyndan halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şeýle asylly işleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça öňe sürlen «Ahalteke atlaryny seýislemek» sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky teklibiň uly goldawa eýe bolup, resmi taýdan ykrar edilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu taryhy çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilip, milli buýsanjymyzyň şöhratyny bir mertebe beýgeltdi.

Häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň baş sany yzygiderli artýar. Arkadag şäherinde Milli Liderimiziň täze doglan taýy synlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýmagy we taýçanagyň boýnuna alaja dakmagy kalplarymyzy buýsanja besledi.

Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlarynyň bedewleri wasp edýän goşgulary türkmeniň kalbynda ynsan gylykly atlara söýgini artdyrypdyr. Milli Liderimiziň behişdi bedewlere bagyşlap döreden ençeme goşgulary, ýazan ajaýyp eserleri bolsa milli gymmatlygymyza goýulýan hormat-sarpanyň häzirki döwürde-de juda ýokary derejededigini görkezýär.

At münmegiň saglyk üçin peýdasy barada hem aýratyn bellemek gerek. Atly gezelenç edýän adam beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer we maksada okgunly bolýar. Munuň şeýledigine ata-babalarymyz özleriniň toplan köpýyllyk tejribeleriniň üsti bilen anyk göz ýetiripdirler. Şonuň üçin-de, olar öz nesillerine çagalykdan bedew münmegiň, oňa ideg etmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwredipdirler. Ýurdumyzda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyzyň zähmetine mynasyp baha berlip, «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» ýaly hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa olary arassa ganly tohum atlary ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýik ösüşleri nazarlaýan döwründe ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has-da belende galdy. Ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Altyn Ussaýewa,   
S.A.Nyyazow adyndaky Turkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz