TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän at çapyşyklary türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny özünde jemläp, baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar.

Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen sungatynyň miwesidir. Pederlerimiz ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns beripdirler. Häzirki döwürde seýisçilik işi döwrebap ösdürilip, onda halkymyzyň toplan baý tejribesi öňdebaryjy ylmy usullar bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ahalteke bedewleri hemişe türkmeniň wepaly dosty bolupdyr. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň täsinligi bolmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň nyşanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda seýisçilik sungatyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky taýsyz tagallalary arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatynyň täzeden dikeldilmegine, goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine, bedewleriň baş sanynyň köpeldilmegine, döwrebap ugurdaş düzümleriň döredilmegine, sportuň at üstündäki görnüşleriniň, milli at üstündäki oýunlaryň giňden wagyz edilmegine giň ýol açdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn gatnaşyklara täze itergi berildi, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhraty has-da belende göterildi. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleri barada birnäçe ajaýyp eserleri döretdi. Dünýäniň köp diline terjime edilen hem-de ylmy seljermäniň, taryhy we häzirki zaman maglumatlarynyň esasyny özünde jemleýän bu kitaplar daşary ýurtly hünärmenlerdir alymlar, umuman, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler bilen gyzyklanýan ähli okyjylar üçin gymmatly gollanmadyr.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler hem-de behişdi bedewleriň halkara gözellik bäsleşigi giň gerimde geçirilýär. Geçen ýyl Aşgabatda Arkadagly Serdarymyzyň — Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda bu assosiasiýalaryň merkezi açyldy. Munuň özi parasatly pederlerimiziň adamzada peşgeş beren gymmatlyklarynyň ähmiýetini giňden açyp görkezdi.

Owadanlygy hem-de ýyndamlygy bilen tapawutlanýan bedewler ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Düýn — 27-nji sentýabrda behişdi bedewler paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň şanyna geçirilen dabaraly ýörişde hem özleriniň gözelligini görkezdiler. Ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan at çapyşyklary behişdi bedewleri we türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyny synlamaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, at çapyşyklary çapyksuwarlar üçin özboluşly synagdyr. Sebäbi atçylyk sporty çapyksuwardan diňe bir degişli taýýarlygy däl, eýsem, onuň bedewlere yhlasyny, olara düşünmek başarnygyny hem talap edýär. Şunda bedewlere dogry tälim bermek möhüm şert bolup durýar. Ahalteke bedewleri buýsançly gylygy hem-de hyjuwlylygy bilen tapawutlanýar, şol bir wagtyň özünde çapyksuwar babatda ösen duýgurlygyny görkezýär. Çapyksuwaryňdyr bedewiň arasyndaky özara düşünişmek we ynam bedewlere tälim bermegiň milli ýörelgesiniň aýratynlygydyr. Türkmen seýisleri bu ugurda ýokary ussatlyk görkezýärler. Yzygiderli, tutanýerli türgenleşikler bilen bir hatarda, sportuň bu görnüşinde üstünlik gazanmak üçin köp babatda çapyksuwaryň we bedewiň sazlaşygy zerurdyr.

Berdimyrat Muhammedow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetininiň

“Himiýa tehnologiýasy” taýýarlyk ugrunyň 1-nji talyby.

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle